RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BELARUS RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI

Ýakynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirililýän birinji Hazar ykdysady Forumynyň guramaçylykly geçirmegine bagyşlanan brifing geçirdi. Ilçihananyň binasynda geçirilen brifinge Belarus Respublikasynyň Daşary işler, Ykdysadyýet hem-de Maliýe ministrlikleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Yerine ýetiriji komitetiniň, Belarus Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň...

DOWAMY
pic
18 Maý

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki...

DOWAMY
pic
18 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ADYGEÝA RESPUBLIKASYNA BARYP GÖRDI

2019-njy ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Adygeýa Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi Adygeýa Respublikasynyň Baştutany Murat Kumpilow bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.   Taraplar Türkmenistan bilen Adygeýa Respublikasynyň arasyndaky sosial ulgamdaky, yk...

DOWAMY
pic
18 Maý

DUŞANBEDE «MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň şäher rezidensiýasynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Ýaponiýanyň Daşary...

DOWAMY
pic
18 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar!  Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!  Adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen türkmen haly...

DOWAMY
pic
18 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bütewiligini aňladýan şanly senelerdir. Milli senenamadaky belli sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu gün Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri boldy...

DOWAMY
pic
18 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ WEKILIÝETLERINIŇ DUŞENBE ŞÄHERINDÄKI DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Täjigistana gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kononyň duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini...

DOWAMY