RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Iýul

«АWAZADA» MALAÝZIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 30-31-nji iýunynda Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Kompaniýanyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Sri Wan Zulkiflee Wan Ariffiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.  Iş saparynyň barşynda, 31-nji iýulda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň «Deňiz» myhmanhanasynda Malaýziýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meselele...

DOWAMY
pic
31 Iýul

TÜRKMEN WEKILIÝETI ABU BILEN TRT-NYŇ BILELIKDE GURNAMAGYNDA GEÇIRILEN GLOBAL HABARLAR FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 29-31-nji iýuly aralygynda türkmen wekiliýeti Stambul şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen Türkiýe Respublikasynyň Döwlet Radio we Telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan gurnalýan 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy.  Bu foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. TRT-nyň Baş direktory Ibrah...

DOWAMY
pic
31 Iýul

AŞGABATDA ARAL BOÝUNÇA SEBITLEÝIN IŞ TOPARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 30-31-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti doland...

DOWAMY
pic
30 Iýul

Arhiw döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň aýnasydyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň nobatdaky sany däp bolan umumy sözbaşy bilen açylýar. Onda geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda bolup geçen has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelere yzygiderlilikde gysgaça syn berilýär. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyn...

DOWAMY
pic
30 Iýul

ER-RIÝADDA TÜRKMEN-SAUD GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Saud Arabystanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel bin Siraj Mirdad ýolbaşçylyk etdi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini belläp geçdil...

DOWAMY
pic
29 Iýul

Türkmen dzýudoçysy — Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

Şu günler Taýbeý şäherinde (Hytaý) ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçirilýär. Oňa dünýäniň 19 ýurdundan 176 türgen gatnaşýar. Ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde 7 türgen çykyş edýär. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şatlyk Seýitmyradow 81 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, mongoliýaly bäsdeşinden üstün çykmagy başardy, emma ýer eýesiniň wekilinden asgyn geldi. Netijede, biziň türgenimiz öňdäki üçlüge girmek bi...

DOWAMY
pic
29 Iýul

Ashgabat hosts the meeting of representatives of working groups for development of ASBP-4

The second meeting of the Regional working group for development of the Aral Sea Basin Programme (ASBP-4) and improvement of institutional and legal mechanisms of the IFAS will be held in the Yildiz Hotel of the capital on July 30 – 31. The session will be held under the aegis of the Executive Committee of International Fund for Saving of Aral Sea under support of the Regional Programme “Transboundary Management of Water Recourses in Central Asia” of the German International Cooperation Socie...

DOWAMY