SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-ÖZBEK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAR-NYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hanym Keitumetsi S.T. Metthews bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasat, söwda, ykdysadyýet, şeýle hem medeniýet we ynsanpwerwerlik ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesine seredip geçdile...
Suwaryşda innowasiýalar: Suw hojalygy döwlet komiteti BMG-nyň ÖM bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýär
Melioratiw ulgamlar üçin suw sorujy enjamlaryň energiýa tygşytlylygy – Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň bir ugrydyr, ol energiýa we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, suw hojalyk ulgamynyň innowasion ösüşine gönükdirilendir. Ählumumy ekologiýa gaznasynyň maliýeleşdirýän «Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly ösdürmekde energiýadan we dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak» taslamasynyň çäklerinde...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň...
Birinji Hazar ykdysady forumynyň işewür meýdançasynyň netijeliligi sanlarda
Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat ulgamyny we obasenagat toplumyny ösdürmek, hususy işewürligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak boýunça iri möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamda düýpli özgertmeler bolup geçýär. Ý...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYGYŇ BEÝANNAMASY
2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...
EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. I...