SOŇKY HABARLAR
MAGTYMGULY-PYRAGY ADYNDAKY (ASTRAHAN WELAÝATY) WE A.S.PUŞKIN ADYNDAKY (AŞGABAT Ş.) MEKDEPLERIŇ ARASYNDA ILKINJI WIDEO-KÖPRI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiň we Aşgabat şäheriniň A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň arasynda ilkinji wideo-köpri geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili, RF-niň Magaryf ministriniň orunbasary P.S.Zenkowiç, Astrahan welaýatynyň Gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji I.Ý.Babuşkin we beýleki adam...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndüri...
BAE-DE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY AÇYLAR
2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny açmak baradaky Karara gol çekdi. “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilen bu resminama Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de ilata ko...
В Ашхабаде пройдет международный энергетический форум
12-14 сентября состоятся Международная выставка и научная конференция «Основные направления развития энергетической промышленности Туркменистана». В предстоящих мероприятиях ожидается участие представителей около 120 отечественных и иностранных компаний, международных организаций, предприятий, а также бизнесменов из различных стран.
UNESCAP-YŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZI BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ştab-kwartirasynda Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň barşynda geçirilen «Daşky gurşaw we heläkçilik: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde boşluklaryň doldurylmagy» atly ugurdaş çäräniň çäklerinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetler...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAZAGYSTANYŇ ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA
2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ž.A.Asanow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Duşuşygyň a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI
29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz D...