SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna
Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar! Berkarar döwletimiziň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary! Sizi öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljek bu gurultaýyň ýokary derejede geçiriljekdigine ynanýaryn. Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdys...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda S.Lebedew şu ýyl ýurduň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň esasy maksatlarynyň we wezip...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DÖWLET MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, Döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Şu gün, 11-nji sentýabrda ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwe...
Ýurdumyzyň gündogarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarýan hususy kärhanalar gurulýar
Lebap welaýatynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kiçi hem-de orta telekeçilik kärhanalaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda bu pudakda kiçi önümçilikler ulgamy hereket edip, olarda iş orunlarynyň ýüzlerçesi döredildi. 2019-2025-nji ýyllarda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýakyn ýyllarda Çärjew etrabynda gaplanan önümleri çyka...
RUMYNIÝANYŇ PARLAMENTINDE TÜRKMEN MEDENI WE SUNGAT IŞLERINIŇ SERGISINIŇ AÇYLYŞY
2019-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Rumyniýanyň parlamentiniň binasynyň “Konstantin Brankuşi” atly zalynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Rumyniýa-Türkmenistan parlamentara dostluk topary bilen bilelikde türkmen medeni we sungat işleriniň milli sergisini guradylar. Serginiň açylyş dabarasynda Parlamentiň deputatlary, Buharestde akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy we medeni...
Türkmen telekeçileriniň öndürýän gaz-beton kerpiçlerine goňşy ýurtlarda hem isleg bildirilýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasy binalaryň we desgalaryň gurluşygy üçin 7 müň kubmetrden gowrak gaz-beton blok kerpiji Özbegistana ugratdy. Bu gurluşyk materialy Tashkent City binalaryny, Buharada, Samarkantda we dostlukly döwletiň beýleki şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga niýetlenendir. Gazagystanyň Aktau şäheriniň gurluşykçylary-da gaz-beton bloklaryň uly tapgyryna tabşyryk berdiler. Ýakyn aýlarda ýene-de 9 müň kubmetr...
Sanlaşdyrmak hereketde: telekommunikasiýalar we ekerançylyk
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda işlenip taýýarlanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy maglumat tehnologiýasyny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagta bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak boýunça möhüm ugurlaryň ählisinde uly işler alnyp barylýar. Çünki, köp derejelilik hem-de giň gerimlilik sanlaşdyrmak işlerini...