SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YSRAÝYLYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY IBERDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäheriniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...
Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar
Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Şu günler paýtagtymyz hem owadan keşbe girip, Täze ýyl bezegleriniň ýalkym saçýan, köçeleriň, seýilgähleriň we meýdançalaryň millionlarça yşyklaryna beslendi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi, bu erteki bolsa biziň her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar. Çünki bu zatlaryň hemmesi biziň şatlygymyzy, aladamyzy...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy
Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Täze ýylda he...
TÜRKMENISTANYŇ ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNA BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN ÝÖRITE NEŞIRLER ÇAPDAN ÇYKDY
2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingiň barşynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasy” we “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbitleri” atly täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary hem boldy. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2017-2019-njy ýyllarda AHHG-na başlyklyk etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýagny, Gaznanyň saýlanan Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Aral deňziniň ekologiki, sosial-ykdysady we beýleki meselelerini çözmeklige gönü...