RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Apr

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy» atly maslahat

2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mug...

DOWAMY
pic
3 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan giň ger...

DOWAMY
pic
3 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýda tutulan orazalaryň, edilen ybadatlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler. Myhman mümkin...

DOWAMY
pic
2 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministrini kabul etdi

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi. Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salma...

DOWAMY
pic
1 Apr

«Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatynyň JEMLEÝJI RESMINAMASY

Biz, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadag şäherine ýygnanan HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLAR, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy strategiýalaryny we maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny be...

DOWAMY
pic
1 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutanymyz hem-de Eýranyň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle-de goňşy döwletiň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G...

DOWAMY
pic
31 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 31-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda başlangyçly çykyş edýän Bi...

DOWAMY