SOŇKY HABARLAR
GYRGYZYSTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENILEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Talant Sultanow bilen duşuşdy. Ilçi Talant Sultanow täze bellenilen wezipesi mynasybetli bildiren mähirli gutlaglary we ýagşy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek bilen, dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi. Diplomatlar syý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ ITALÝAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçy...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ VII MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we HHR-niň wekiliýetleri Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeniň ýolbaşçylyk etmeklerinde howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we özara hereketleriň geljekki ugurlaryn...
TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÝARYMÝYLLYK SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi Jonatan Hennigiň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň özara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady. «Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklar özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Biz dost-doganlygyň we özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk y...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA IKINJI SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARYŇ BIRNÄÇESINI YGLAN ETDI
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. “Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly sammite YHG agza ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet Baştutanlary, ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE SAPARY
2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary başlandy. Wekiliýetiň düzüminde – Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bardyr. 10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy...