SOŇKY HABARLAR
EKO-DA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ DOWAMYNDA TÜRKMENISTAN MEDENI-YNSANPERWER ULGAMDAKY HYZMATDAŞLYGA AÝRATYN ÜNS BERER
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ugrunda ýurduň öňde goýan maksatlaryny beýan etdi. Prezident: “Türkmenistan YHG-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär. Dost-doganlyk ruhunda biziň halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän umumy ahlak gymmatlyklaryn...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY GAZANMAGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň mundan 29 ýyl ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy Kararnamany kabul edendigini, oňa laýyklykda Türkm...
BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ AŞGABATDA GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA ÝOLLAN ÝÜZLENMESI
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokar...
«TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY GAZANMAGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ BARŞYNDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat öz işine başlady. Çäräniň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasyn...
TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn formatynda duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. 2020-nji ýylda amala aşyrylan bilelikdäki...
TÜRKMENISTAN BILEN BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY KESGITLENILDI
2021-nji ýylyň 26-njy ferwalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle-de pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ý.Nazarow ulag, infrastruktura...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary (UNHCR) Filipppo Grandi bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň oňyn we işjeň tejribesi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwerlik ugry bu özara hereketleriň möhüm bölegini emele getirýändir. Türkm...