SOŇKY HABARLAR
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ir bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna d...
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň weki...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Martin Brukyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hem öz gezeginde mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkme...
BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti we BSGG tarap...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy
Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Forumyň geçirilýän ýeri bolan Hofburg köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maý...
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen gepleşikler geçirdi
Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşdüler. Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendig...
Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşdy. Rabab Fatima wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň...