RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Iýun

GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow Gypjak obasyna bardy we bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, kümmete gül çemenini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Türkmenistanyň Garaşsyzyk binasyna ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhman gül çemenini...

DOWAMY
pic
26 Iýun

«MAGTYMGULY PYRAGY WE TÜRKMEN HALKYNYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLILIK TAGLYMATY» ATLY HALKARA MASLAHATY

2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet işgärleri, meşhur ylmy wekilleri, şeýle hem syýasatşynaslary we taryhçylary gatnaşdylar. Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
25 Iýun

GYRGYZYSTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENILEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Talant Sultanow bilen duşuşdy. Ilçi Talant Sultanow täze bellenilen wezipesi mynasybetli bildiren mähirli gutlaglary we ýagşy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek bilen, dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi.   Diplomatlar syý...

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ ITALÝAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.    Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçy...

DOWAMY
pic
24 Iýun

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ VII MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we HHR-niň wekiliýetleri Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeniň ýolbaşçylyk etmeklerinde howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we özara hereketleriň geljekki ugurlaryn...

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÝARYMÝYLLYK SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi Jonatan Hennigiň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň özara...

DOWAMY
pic
19 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady. «Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklar özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Biz dost-doganlygyň we özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk y...

DOWAMY