SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir g...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň ýapon böleginiň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubai bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar KHBS ugry boýunça maglumat alyş-çalşygy we özara hereketleriň ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň maglumat syýasatynyň ösüşine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan «Mir» DTRK Türkmenistanyň işjeň hem ynamdar hyzmatdaşy bolup durýar. Uzak möh...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikde Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Tü...
TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri Geri Koren bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ba...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ SERHETÝAKA WELAÝATLARYNYŇ HÄKIMLERINIŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda wideoaragtnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda owgan tarapyndan Hyrat, Badhyz, Jowuzjan we Farýab welaýatlarynyň häkimleri, türkmen tarapyndan bolsa Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimleri çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda TOPH we TOP taslamalaryň, Turgundy-Hyrat demirýolunyň, iki ýurduň degişli welaýatlarynyň häkimlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk e...
GRUZIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK WEZIPESINI TAMAMLAÝAR
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuka Murjikneli bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki işiň oňyn tejribesi barada aýratyn belläp geçdile...