SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri jenap Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň başlygyny ýurdumyzyň alyp barýan içeri hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Türkme...
Türkmenistanyň we Horwatiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada wekiliýet bilen gelen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar döwleta...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 29–30-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde türkmen tarapyna maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulоw, wenger tarapyna bolsa, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Gündogar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etd...
Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNISEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu resminama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň öňdeb...
Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi....
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar. Maslahatyň esasy maksady geljekki onýyllyklar üçin medeni syýasatyň ösüşiniň strategik ugurlaryny işläp taýýarlamakdan hem-de medeniýeti durnukly ösüşiň esasy şertler...