SOŇKY HABARLAR
DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA TÜRKMEN-RUMYN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň DIM-niň degişli departamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň DIM-niň Ilçisi, baş direktory Dan Ýanku ýolbaşçylyk etdi. Işjeň maslahatlaşmalaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky, şol sanda bilim pudagyndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleriniň giň toplumy a...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IKI GÜNLÜK RESMI SAPARY
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary guraldy. 4-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary howa menzilinde garşyladylar. Soňra türkmen we özbek Liderleriniň Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna gül dessesini goýmak dabarasy geçirildi. Şol gün Daşkent şähe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy geçiriler. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler. Oňa iki döwletiň döwlet we...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynd...
TÜRKMENISTANYŇ KABULDAKY ILÇISI OWGANYSTANYŇ DIM-DE GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Owgan daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Şonuň ýaly-da ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer hemaýaty üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Duşuşygyň barş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «GARAŞSYZLYK - BAGTYMYZ» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş...
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNY GIŇDEN BELLÄP GEÇDI
Türkmen halky Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bitewilik we jebislik ruhunda özboluşly joşgun bilen garşylady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýyly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy senenamasyna täze şöhratly sahypalary girizdi. 27-nji sentýabrda ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda gurlup, ulanylmaga berlen Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen baýramçylyk ýörişi Watanymyzyň garaş...