SOŇKY HABARLAR
PREZIDENT GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: «TÜRKMENISTAN DURNUKLY ULAG ULGAMYNDA ÄHMIÝETLI, NETIJELI HEM-DE TAKYK KARARNAMALAR BILEN ÇYKYŞ EDÝÄR»
BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň barşynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ulag ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn özara hereketleriň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Aşgabat prosesiniň işe girizilmeginiň, türkmen paýtagtynda geçirilen birinji Ählumumy maslahatyň ähmiýetli netijeleriniň biri bolandygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Ulagyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Ýörite...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA IKINJI ÄHLUMUMY MASLAHATYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty gibrid görnüşinde geçirilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahata göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň logiki dowamy bolmak bilen, nobatdaky...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşly...
DÖWLET BAŞTUTANY «EKSPO-2020» BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNÜNIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Dubaýyň howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar. Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “EKSPO-2020” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE GATNAŞAR
Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkme...
LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATY IKINJI MEJLISDE ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
“Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat öz işini COVID-19 pandemiýasy döwründe gazanylan tejribäni ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ikinji sessiýasynda dowam etdi. “Pandemiýany ýüze çykaryp biljek ýokanç kesellere garşy göreşde lukmançylyk diplomatiýasy” atly temada geçen ikinji sessiýasynda alyp baryjy hökmünde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ý.Za...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmeginiň ähli agza döwletler tarapyndan goldanylandygy barada habar berýär. “Siziň häzirki wagtda özara gatnaşyklaryň, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigi baradaky pikiriňize goşulýaryn. Häzir Azerbaýjanyň şol geňeşde baş...