RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ynanyşmak, özara hormat goýmak we bähb...

DOWAMY
pic
26 Noý

AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Çäräniň gün tertibine Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň seb...

DOWAMY
pic
26 Noý

YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurtlardan 40 wekil, hususan-da YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, YHG agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Söwda biržalar birleşiginiň, Türkiýe-Pakistan Söwda-senagat edarasynyň hem-d...

DOWAMY
pic
24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ MEREKZI AZIÝA ÜÇIN TÄZE SEBITLEÝIN MAKSATNAMASYNY IŞE GIRIZMEK DABARASYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Daşkent şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Ýerine ýetiriji sekretary Geda Fathi Waliniň gatnaşmagynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek hem-de ony işe girizmek dabarasy geçirildi.  Köpugurly gepleşiklerde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaş...

DOWAMY
pic
22 Noý

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni...

DOWAMY
pic
22 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN «ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA» DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.   Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, 2019-njy ýylyň 1...

DOWAMY
pic
19 Noý

TÜRKMENISTANYŇ ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA GARALDY

Şu gün, 19-njy noýabrda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy G.Müşşikow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdylar. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň karz-maliýe edaralarynyň, hususy pudagynyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen alyp...

DOWAMY