SOŇKY HABARLAR
Hytaý Halk Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasy: Aşgabatda «Lu Ban ussahanasy» açyldy
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky “Lu Ban ussahanasynyň” açylyş dabarasy boldy. Dabara Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi....
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýla...
Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, hytaý wekiliýetine bolsa, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň Hemişelik Komitetiniň Agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Hemişelik Wise-Premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi. Mejlisi açmak, tarap...
Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistana saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wi...
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ir bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna d...
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň weki...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Martin Brukyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hem öz gezeginde mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkme...