RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY SEULDA ÖZ KÄRDEŞI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Rýu Jeon-Hýun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň dürli ugurlar boýunça, hususan-da parlamentara gatnaşyklarynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meselel...

DOWAMY
pic
23 Noý

AŞGABATDA TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Iki döwletiň m...

DOWAMY
pic
23 Noý

AŞGABATDA ÝAŞYL WE WODOROD ENERGETIKASY HEM-DE METANYŇ ZYŇYNDYLARY UGURLARY BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝB-NIŇ BILELIKDÄKI MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aşgabatda “Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy” temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşinde maslahaty Türkmenistanyň energetika ministri we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso açdylar. Kadri Simson, Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissarynyň we Klara de la Torre, Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgeme...

DOWAMY
pic
22 Noý

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY TAMAMLANDY

22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň işewürleri bilen duşuşygyň geçirilýän ýerine — kaşaň «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin...

DOWAMY
pic
21 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabiniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Mohammed Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüne...

DOWAMY
pic
21 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WISE-PREZIDENTI, PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Şol günüň özünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BAE-niň wise-prezidentine, Premýer-ministrine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Ş...

DOWAMY
pic
21 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAE-NIŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY, PREZIDENTIŇ IŞ DOLANDYRYŞ MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.  Duşuşygyň dowamynda söwda-y...

DOWAMY