SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ HÄZIRKI MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit guramalarynyň çä...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy. Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Gazgystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşdy. Şeýle hem sammite Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wikt...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Gazagystanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine Gazagystana gelmek b...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY TDG-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, TDG-niň, TürkPA-nyň we TÜRKSOÝ-yň baş sekretarlary, Türki akademiýasynyň, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň, Türki maýa goýum gaznasynyň...
TÜRKMENISTANYŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA MILLI ÝAŞLAR MASLAHATYNYŇ METBUGAT HABARY
Türkmenistanyň ýaş nesli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine goşant goşmaga taýýar Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçihanalary bilen hyzmatdaşlykda Howanyň üýtgemegi boýunça Milli ýaşlar maslahatyny gurady. 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen bu çäre Türkmenistanyň ýaşlaryna howa bilen bagly möhüm meseleler boýunça bilim bermekde we olar...
AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA — KOREÝA RESPUBLIKASY” WE “TÜRKMENISTAN — KOREÝA RESPUBLIKASY” IŞEWÜRLIK GEŇEŞLERINIŇ MEJLISLERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Wekilçilikli forumyň işine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekiliýetleri gatnaşdy. Onda sebit derejesinde söwda-...