SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen, ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym, medeniýet, taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna seredip geçdiler....
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmaga gelen, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek meselesiniň giň gerimi, şol sanda syýasy-diplomatik, söw...
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumynda pikir alyşmalar boldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli...
Türkmenistanyň DIM-nde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem-de “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa sebit boýunça wekilçiliginiň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýola goýulan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetin...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherinde iş sapary bilen bolýan BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýeti bellenildi. Bu babatynda Türk...
Türkmenistanyň DIM-nde FAO guramasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu bilen duşuşdy. Duşuşykda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylm...
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 5-9-njy dekabry aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirilýär. Onuň işine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çäräniň dowamynda giňişleýin ylalaşyga esaslanyp, ses bermezden ýokarda agzalan Komitet biragyzdan Türkmenistan tar...