RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY I.NEMATOW BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Aşgabada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň meýilleşdirilýän saýlawlaryna syn etmek üçin GDA-nyň synçylar toparynyň ştabyny açmak boýunça iş toparynyň ýolbaşçylygynda gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen duşuşygy geçirildi. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk işleri bu söhbetdeşligi...

DOWAMY
pic
9 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK WE GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. M.Bäşimowa Türkmenistanyň GFR bilen ikitaraplaýyn gö...

DOWAMY
pic
9 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BAE-NIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameliniň arasynda gepleşikler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşiniň mümk...

DOWAMY
pic
7 Mar

TÜRKMENISTANDA ÇILI RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň g...

DOWAMY
pic
7 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar “2022-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasy bilen bilelikde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän taslamalaryň meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. 2023-nji ýyl üçin çäreleri...

DOWAMY
pic
7 Mar

ÇILI RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Çili Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Rodrigo Enrike Arkosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Syýasy-diploma...

DOWAMY
pic
7 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň bu ha...

DOWAMY