SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN 2024-2026-NJY ÝYLLAR ÜÇIN BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ (ÝUNISEF) ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINE SAÝLANDY
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalyklaryna saýlawlar geçirildi. Saýlawlaryň dowamynda ECOSOC-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Mälim bolşy ýaly, öň Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy we wezipelerini ýerine ýetirdi. Häzirki w...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň wajypdygyny belläp, motoýörişiň üstünlikli geçirilmegini hem-de Hazar sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak işinde öňde goýlan maksatlara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ IŞEWÜR TOPARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartma...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow ýola goýlan ikitrapalaýyn gatnaşyklaryň ähli sebitlerde sazlaşykly ösüşiň ilerleýändigini belläp, ýok...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli sözleri we gutlag haty, ş...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň Owganystan we Päkistan boýunça departamentiniň direktory, Owganystan boýunça ýörite wekili Endrýu MakKubriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşigi geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar owgan meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumyna seredip geçdiler. Bu sebitdäki ýagdaýlar bilen bagly yn...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Syýasat we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk seljerişi boýunça bölümiň Direktorynyň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikde maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça Seksiýasynyň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boý...