SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglandy
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn ornuny nyg...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçi...
Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi. Çäräde Türkmenistanуň BIE-niň ýanyndaky wekili, Ilçi M. Çaryýew gatnaşdy. Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Hususan-da: Administratiw–býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgün–komitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýan...
Состоялся телефонный разговор глав внешнеполитических ведомств Туркменистана и Республики Куба
25 ноября 2025 года состоялся телефонный разговор Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Министром иностранных дел Республики Куба Бруно Родригесом Паррильей. В ходе беседы стороны обменялись мнениями о текущем состоянии и перспективах развития двусторонних туркмено-кубинских отношений. При этом особо подчеркнуто эффективное сотрудничество Туркменистана и Республики Куба в рамках международных организаций, прежде всего Организации Объединенных Наций. Министры также рас...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanyny Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary dowam...
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guralan çäre
2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
Türkmenistanyň we Moldowanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Mihai Popşoýyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň we Moldowanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda B...