SOŇKY HABARLAR
LIWIÝANYŇ ÝAŞLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatalla Elzuni bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ugrundaky gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmenistanyň we Liwiýanyň arasynda ylym-bilim, sport ulgamynda gatnaşyklary ilerletmek, iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dürli forumlary we çäreleri...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy....
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TASLAMALARY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň ýagdaý...
BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBIT ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Bütindünýä Banky Toparynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE AZERBAÝJANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan b...
THE INTERNATIONAL YOUTH FORUM WAS HELD IN THE CITY OF ARKADAG
On October 2, 2023, in the city of Arkadag, in the premises of the International Academy of Horse Breeding named after Aba Annaev, was held the International Youth Forum "Dialogue is Guarantee of Peace". The event was organized by the Government of Turkmenistan with the active participation of the Office of the UN Resident Coordinator in Turkmenistan and the UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia. The event, which was held in a hybrid format, was attended by young leader...
TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-dipl...