Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň wekilleriniň umumy ýygnagyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine TYA-nyň ýolbaşçy düzümini saýlamak meseleleri girizildi hem-de strategik döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ylym ulgamyna Türkmenistanda ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň möhüm şerti hökmünde garalýar. Mälim bolşy ýaly, döwletimizi ösdürmegiň durmuş-ykdysady konsepsiýasynda çuňňur ylmy-usulyýet bilimlerine hem-de giň tejribä esaslanýan innowasion ykdysadyýete möhüm orun berilýär.
Ýurdumyzyň ylym ulgamyny hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň we döwletimiziň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek milli Liderimiziň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýan esasy wezipeleridir. Bu wezipeleri çözmekde ýurdumyzda ylmy-barlag işleriniň esasy utgaşdyryjysy, möhüm innowasion-tehnologik hem-de tejribe-synag merkez hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna aýratyn orun degişlidir.
Şu gün TYA-nyň maslahatlar zalyna belli alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri ýygnandylar. Ýygnaga gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnagyň gün tertibini yglan edip, Akademiýanyň Tertipnamasyna laýyklykda gizlin ses bermek arkaly onuň täze ýolbaşçylaryny saýlamagy, şu maksat bilen hasaba alyş toparyny saýlamagy teklip etdi. Ozal habar berlişi ýaly, TYA-nyň ozalky ýolbaşçysy pensiýa çykdy.
Döwlet Baştutanymyz dalaşgärler boýunça teklipleriň beýan edilmelidigini aýdyp, özüniň teklibini beýan etdi we bu wezipä Sapardurdy Toýlyýewi görkezdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Sapardurdy Toýlyýew başarjaň ýolbaşçy, ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, ylym, sport we saglygy goraýyş ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hökmünde ýurdumyzyň hökümetinde uly iş tejribesini toplady.
Soňra gizlin ses bermek çäresi geçirildi.
Gizlin ses bermek geçirilenden we sesler sanalandan soň, geçirilen saýlawlaryň netijeleri yglan edildi. Ses bermäge Akademiýanyň 17 agzasy gatnaşdy. Olar Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlamak barada biragyzdan ses berdiler.
Akademiýanyň agzalary ses bermegiň netijelerini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň bu çözgüdini tassyklady we S.Toýlyýewi başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana hem-de ony Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz Sapardurdy Toýlyýewi jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlap, işinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täze saýlanan prezidentine söz berilýär.
Milli Liderimize, Ylymlar akademiýasynyň tutuş düzümine bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, Sapardurdy Toýlyýew ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, ony dünýäniň öňdebaryjy sepgitlerine çykarmak üçin güýç-gaýratyny hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Türkmen alymlarynyň adyndan Ylymlar akademiýasynyň täze saýlanan ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ylmy iş üçin ähli şertleri döredýändigi we hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň türkmen ylmyna mundan beýläk-de netijeli hyzmat etmek, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we onuň gazananlaryny ykdysadyýetimizde netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini artdyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ylmyň täze, has ýokary sepgitlere çykarylmagy ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga şert döreder, mähriban halkymyzyň medeni derejesini we maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Häzirki döwürde ylma daýanmazdan döwleti durnukly ösdürmegiň we onuň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmagyň mümkin däldigi hemmelere mälimdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ylmyň gazanan üstünliklerine esaslanmazdan, doly derejeli üpjünçilik ulgamly, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkin däldir.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurduň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagyň esasy şerti bolup hyzmat edýär. Hut şoňa görä-de, biz ylmy ýokary depginler bilen ösdürmäge aýratyn, strategik ähmiýet berýäris. Ony kämilleşdirmek, hil taýdan ösdürmek we goldamak boýunça giň gerimli çäreleri görýäris. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan ähli ägirt uly özgertmeleriň ýeterlik derejede, düýpli ylmy esasynyň bolmagy üçin ähli tagallalary edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şu maksat bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmyň düýpli we ygtybarly hukuk binýadyny döretdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Ylmy we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça Hökümetiň kararlaryny kabul etdik. Ýaňy-ýakynda kabul edilen Türkmenistanyň rejelenen görnüşdäki Konstitusiýasynda ýurdumyzyň raýatlaryna erkin ylmy we tehniki döredijilik bilen meşgullanmaga hukuk berilýär. Konstitusiýanyň maddalarynda döwletiň şeýle döredijiligi höweslendirýändigi we onuň ýokary netijeleriniň ýaýradylýandygy, ylmy ösdürmäge we halkara ylmy gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam berilýändigi bellenýär.
Milli Liderimiz TYA-nyň işini kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, ýurdumyzyň baş ylmy merkezi bolan Ylymlar akademiýasynyň häzirki döwürde düýpli we amaly barlaglary ösdürmegi üpjün etmelidigini, jemgyýetiň ylmy we inžener-tehniki mümkinçiligini artdyrmalydygyny, milletimiziň aň-bilim taýdan ösen toparyny — täze döwrüň alymlaryny kemala getirmelidigini, ylmy döredijilige has ukyply ýaşlary çekmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alymlary diňe bir ýurdumyza getirilýän tehnikalary we enjamlary, olaryň dünýä ülňülerine we ýurdumyzdaky anyk şertlere laýyk gelýändigini seljermäge däl-de, eýsem taslamalary, çözgütleri we meýilnamalary seljermäge hem giňden çekmegiň, olaryň pikirlerini nazara almagyň möhümdigini aýtdy. Ylmy işler we teklipler döwlet syýasatynda hem-de halkymyzyň bähbitlerine giňden peýdalanmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 19-njy ýanwarda bolan mejlisine ünsi çekdi. Onda 2018-nji ýyl üçin pudaklaýyn iş meýilnamalary ylalaşyldy hem-de wise-premýerlere olary gözegçilik edýän ulgamlarynda ýene-de bir gezek seljermek we tassyklamak tabşyryldy. Esasy bellemeli zat, haýsy ugra degişlidigine garamazdan, bu meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ylmyň gazananlaryna, aýratyn hem öňdebaryjy tehnologiýalara, innowasiýalara, nou-haulara daýanmagyň zerurdygy barada gürrüň edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ylym işgärleriniň bu meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Ýygnagyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylaryna, alymlara, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, ýurdumyzda ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, ýaşlary ylmy işe hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin ähli tagallalar ediler.
Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň senagat taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan iri taslamalary ylmy taýdan esaslandyrmak bilen bagly meseleleri çözmek häzirki günüň möhüm wezipeleri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň bu işe hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belledi.
Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga bagly bolan pudaklary ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda ösdürmek aýratyn wajypdyr. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda işleri ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda geçirmek, halkara gaz geçirijileriniň gurluşygynda howpsuzlygy üpjün etmek, ylmyň iň ýokary gazananlaryny ulanmak ýaly meseleleri çözmäge hemmetaraplaýyn çemeleşmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu işde täze ylmy işläp taýýarlamalaryň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Ýer kadastryny düzmekde, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, tohumçylyk işini kämilleşdirmekde oba hojalyk ulgamynda işleýän alymlara esasy orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şeýlelikde, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça wezipeleri ylmy esasda üstünlikli çözmek, ýokary hünärli agronomlary taýýarlamak hem-de ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň işini kämilleşdirmek häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar.
Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, möhüm halkara ulag geçelgelerini gurmak işini çaltlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, halkara ähmiýetli ýollaryň gurluşygynda ýokary hilli ýol-gurluşyk serişdelerini ulanmagyň ähmiýetini belledi. Alymlar ýol-gurluşyk serişdeleriniň hiliniň halkara standartlaryny üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu işleri ylmy taýdan öwrenmäge hem-de esaslandyrmaga aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Häzirki wagtda ylmy açyşlara, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegi boýunça wezipeleri ylmy taýdan esaslandyryp çözmäge, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna ylmyň häzirki zaman gazananlaryny ornaşdyrmaga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ylmy binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda geçirilýän ähli işleri häzirki zaman ýörelgeleri hem-de ösen halkara tejribesi bilen utgaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda ýakyn wagtda ýurdumyzyň alymlary bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny habar berdi. Şol duşuşykda geçen ýyl bolup geçen Ýaşulularyň maslahatynda makullanan, ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler anyk kesgitleniler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp hem-de Ylymlar akademiýasynyň täze ýolbaşçylaryna işde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.