Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Aleksandr Lukaşenko gutlady

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çärýek asyrlyk gatnaşyklar dostluk we ygtybarly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Şu döwrüň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde oňyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplanyldy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we medeni ulgamlarda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy – diýip, hatda aýdylýar.
Biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň geljekde hem döwletara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine, belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlere ýetiljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we döwlet işiňizde uly üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin – diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň hatynda beýan edilýar.