Ýollaryň durkuny täzelemek- sebitleriň ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir

photo

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda etrap merkezinden Akdepe we Boldumsaz etraplaryny birleşdirýän awtomobil ýoluna çenli aralykdaky ýoluň durky täzelenilýär. Şu güne çenli Daşoguz welaýatynyň gara ýollary ulanyş müdieliginiň hünärmenleri ýer tekizleýiş işlerini geçirdiler we täzelenilýän ýoluň 2,5 kilometr ýerine daş düşediler. 2020-nji ýyla çenli milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde olar ýoluň jemi sekiz kilometrden gowrak ýeriniň durkuny täzelärler we döwrebap talaplara laýyk getirerler,bu bolsa hereket üçin zerur tizlik düzgünini we ýeterlik derejede hereketiň howpsuzlygyny üpjün eder. 

Şol bir wagtyň özünde müdirligiň bölümleri şu etrapda “Hakykat” daýhan birleşiginden “Ýylanly” gazkompressor bekedine barýan ýoluň hem durkuny täzeleýärler. 

Türkmenistanda sebitleriň döwrebap ýol ulgamlary bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilýär.. Ýurduň ykdydsady ösüşi üçin möhüm ähmiýetli ýol-ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga döwlet toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýär. Ulag hyzmatlaryna ösen talaba laýyk gelýän ýük we ulag gatnadylyşyny hil taýdan ösdürmek—sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.