Milli goşunymyzyň geçmişi we şu güni baradaky gyzykly maglumatlar – ýörite žurnalyň täze sanynda

Goranmak ministrligi tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle hem harby gullukçylaryň edebiýat başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen neşir edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Žurnalda goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda edermen esgerlerimiziň ýurdumyzyň howpsuzlygyny berkitmekdäki ähmiýeti açylyp görkezilýär. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmakda we söweş başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gazanylýan belent sepgitler bilen okyjylar giňden tanyşdyrylýar.
Žurnalda köp ýyllyk zähmet ýollary bolan ýokary derejeli harby gullukçylaryň, goşun gullugyna çagyrylýanlaryň, şeýle hem Türkmenistandaky harby işi we onuň taryhyny öwrenýän ökde hünärmenleriň makalalary ýerleşdirilipdir. Giň gerimli bilimler olara Milli goşunymyzyň geçmişi we şu güni baradaky gyzykly maglumatlary täsirli we jikme-jik açmaga, onuň üstünliklerini we Watanymyzyň edermen goragçylarynyň ruhubelentligini beýan etmäge mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda duran Ýaragly Güýçlerimiz öz maddy-tehniki we işgärler binýatlaryny berkitdiler. Ygtyýarlyklarynda iň täze tehnologiýalar we ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bar bolan ýokary hünärli hünärmenler Milli goşunymyzyň barha artýan kuwwatyny üpjün edýärler.
Bu mowzuk Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli guralan harby ýöriş baradaky makalada öz beýanyny tapýar. Milli goşunymyzyň ösüşindäki soňky ugurlar düýpli seljerilip çap edilen bu makala harby serkerdeleriň we esgerleriň, öňdebaryjy harby tehnikalaryň ykjam hatarlaryny aýdyň görkezýän suratlar bilen bezelipdir.
Beýleki goşun görnüşleri bilen bir hatarda Harby Deňiz Güýçleri hem öz kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Bu ulgamda Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň deňiz serhetlerini goramaga niýetlendirilen häzirki zaman gämileri satyn alynýar we türkmen hünärmenleriniň güýji bilen gurulýar, harby deňizçileriň söweş we ynsanperwer taýýarlyklarynyň derejesi barha artýar. Munuň şeýledigine görkezme harby-taktiki okuwlar hem aýdyň tassyklaýar.
Žurnalda Watanymyzyň deňiz giňişliklerinde gulluk edýän edermen deňizçilerimize bagyşlanyp çap edilen makalada ýurdumyzyň harby deňiz güýçleriniň serkerdeleriniň we deňizçileriniň Hazary dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmek işine goşýan goşandy bellenilýär.
Žurnalyň bu sanyndaky makalalarda şeýle hem harby gullukçylarymyzyň gatnaşmagynda geçirilýän dürli döredijilik çäreleri, sport bäsleşikleri we konsertleri hakda gürrüň berilýär. Onuň sahypalarynda harby gulluga çagyrylýanlaryň harby gulluga toplumlaýyn taýýarlanylyşy, harby gullugyň olara öz başarnyklaryny dürli ugurlarda açyp görkezmekde berýän mümkinçilikleri hakda habarlar ýerleşdirilipdir.
Neşirde harby edaralardaky kursantlaryň beden we ruhy taýdan ösüşleriniň meseleleri gozgalýar, okuwyň täsirli usullarynyň ulanylmagynyň netijesinde olaryň iň bir çylşyrymly ýumuşlary başarnykly ýerine ýetirişleri nygtalýar.
Žurnalyň nobatdaky sanynyň sahypalarynda ene topragy gaýduwsyz goran we nesillere Watanymyzy gözüň göreji ýaly söýmegi hem-de goramagy wesýet eden beýik türkmen serkerdeleriniň harby sungatynyň taryhy beýan edilýär.
Okaýjylara şeýle hem Seljuklar we Gunnlar döwründe bar bolan ilkinji harby saz orkestrleri we olaryň türkmenleriň harby sunganyň taryhyndaky orny barada bilmek gyzykly bolar.
Žurnalda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamlaryna bagyşlanan makalalar hem ýerleşdiripdir. Žurnalyň awtorlarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly düýpli işini öz makalasyna binýat edip alýar. Onda bu Beýik Ýoluň taryhy hem-de ýurdumyzda we sebitde ulag ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde onuň häzirki zamandaky ýüze çykmalary beýan edilýär.