«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar

photo

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) SdnBhd» kompaniýasy Malaýziýanyň «PETRONAS» Tehnologiki uniwersitetinde 2018-2019-njy okuw ýylynda okamak üçin dalaşgärleri kabul edip başlaýar. 

*Maşyngurluşygynyň tehnologiýasy 
*Himiki maşyngurluşyk 
*Nebitgaz çykarmagyň tehnologiýasy 
*Elektrika we elektronika 
*Geologiýa we geofizika 
*Maglumat kompýuter tehnologiýalary/Işewür maglumat bermegiň ulgamy 

Resminamalar kabul edilende şu aşakdaky görkezijiler göz öňünde tutular: 

1.Ýaşy: 17-23 ýaş 
2.Maşgala ýagdaýy: öýlenmedik/durmuşa çykmadyk 
3.Iňlis dilini bilişine bildirilýän talaplar 
- IELTS boýunça iň pes bal 5.0 ýa-da 
- Iň pes bal TOEFL PBT 500 
4.Orta mekdebi matematika, himiýa, fizika hem-de inžener ylmyna degişli bolan beýleki 2 ders boýunça gowy we has gowy netijeler bilen üstünlikli tamamlamagy. 
5. Merkdepden daşary çärelere işjeň gatnaşmagy 
6.Güýçli liderlik häsiýetleri 

Zerur bolan resminamalaryň sanawy: 

-Bellenen nusgadaky sowalnama. (cкачать анкету) 
-Pasportyň göçürmesi (ýerli we daşary ýurt) 
-doly orta bilim hakyndaky attestatyň göçürmesi 
-Sertifikat hem-de TOEFL/IELTS ballaryň tassyklamasy 
-3,5*5 möçberdäki 9 sany surat (mawy fon) 
-Dalaşgäriň täzelenen rezýumesi 
-Beýleki bar bolan sertifikatlar ýa-da ugrukdyryjy resminamalar 

Zerur bolan resminamalaryň ählisi iňlis diline terjime edilmelidir we çap edilen hem-de elektron görnüşinde (kompakt-diskde) berilmelidir. 

Resminamalar “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) SdnBhd” kompaniýasynyň edarasynda şu salgy boýunça 2018-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli kabul ediler: Aşgabat şäheri, 744027, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy köçesi, 81 (blok B). 
Т: +(993) 12 398 000 
www.petronas.com 

Talaplara doly laýyk gelýän dalaşgärler geljekki synaglar we söhbetdeşlik üçin çagyrylar.