Birža söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 8 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, portlandsement, pagta süýümi, nah matalar ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 8 million 569 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümleriň 2 million 713 müň manatlygyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 1 million 810 müň manatlykdan gowrak gurluşyk tehnikasyny, ýol nebit bitumyny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.