Saýlawlara taýýarlanmagyň barşynda saýlaw toparlary döredilip başlandy

photo

Şu günler ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, okrug we Geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär. 

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan okrug we Geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümlerine wekilleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly, işjeň ýagdaýda geçirilýär. Mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenilýänleriň—halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işleýän tejribeli hünärmenleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşylýar. Çykyş edenler her bir hödürlenilýäniň ilat arasyndaky abraýy, olaryň işjeňlik we guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Şunlukda, her bir saýlaw toparynyň aýratyn jogapkärçiligi bellenilip, olaryň sazlaşykly we anyk işleriniň öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlige beslenmegine bagly bolup durýandygy bellenildi. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 240-sy: şol sanda welaýatlaryň her birinde we Aşgabat şäherinde 40 saýlaw okrugy döredildi 

Şeýle hemme etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň her birinde 20, jemi 1260 saýlaw okrugy; şol sanda Ahal welaýatynda 180, Balkan welaýatynda 260, Daşoguz welaýatynda 220, Lebap welaýatynda 220, Mary welaýatynda 260 okrug, Aşgabat şäherinde bolsa saýlaw okruglarynyň 120-si döredildi we olaryň araçäkleri kesgitlenildi. 

Duşuşyga gatnalyjylaryň belleýişleri ýaly, öňde boljak saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk esasynda geçer. Ol Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ugruna ygrarlydygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.