Aşgabatda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny ösdürmek meselelerine bagylanan maslahat geçirildi

photo

Adalat köşgünde “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli guraldy. 

Maslahata daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, ministrlikleriň we pudak edaralaryň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny aýratyn ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz öz Gutlagynda ýurdumyzyň döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelerine esaslanmak bilen döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýýar hem-de raýat edaralaryny ösdürýär diýip belleýär. Kanunyň talaplarynyň her bir adam tarapyndan berjaý edilmek jogapkärçiligi adamy döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy diýip yglan eden Türkmenistanyň döredijilikli syýasatynyň esasy ugry boup durýar. 



Halkara hukuk kadalaryna laýyklykda milli kanunçylygy ösdürmek, ýurdumyzda demokratiýanyň çuňlaşdyrylmak we adam hukuklaryny pugtalandyrylmak, bilimi, ylymy, diplomatik tejribäni we beýlekileri döwrebaplaşdyrmak arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meseleleri maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. 

Türkmenistanda Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda hukuk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň energiýa howpsuzlygy we ulag ulgamy boýunça kabul eden Kararnamalary, şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen ýene bir täze resminama --“Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýa ýurdumyzyň halkara hukugyny ösdürmäge goşýan goşandynyň aýdyň mysaly bolup durýar. 

Ylmy-amaly maslahatyň temasynyň derwaýyslygy erkin bazar gatnaşyklarynyň mundan beýläkki ösüşi bilen baglylykda raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hukuk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagy we ykdysadyýet, durmuş ulgamlaryna maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy bilen baglanyşyklydyr. 



Hukuk öwreniş ylymlary boýunça geçirilýän seljermeler we ylmy barlaglar kanunçylyk we hukuk ulanyjylyk tejribesi kanunçylyk ulgamynyň düzgünlerini ylmy taýdan düşündirmekde we wagyz etmekde ähmiýetlidir. On ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň 26-njy dekabrynda gol çeken Permany esasynda döredilen Döwlet we hukuk instituty bu ugurda netijeli iş alyp barýar. Şu ýyllaryň dowamynda ylmy-barlag işleriniň netijesi uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyzyň hukuk öwreniş mekdebiniň kemala gelendigine şaýatlyk edýär. 

Durmuş-ykdysady ösüşiň durnuklylygy, döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň kämilleşdirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlyklary bolup durýar. Syýasy, ykdysady we durmuş pudaklarynda geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri Konstitusion gurluşyň kanunalaýyk netijeleridir. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty, möhüm maksatlara ýetmek ugrunda gönükdirilen yzygiderli çäreler bilen baglanyşdyrdylar. 

Raýatlaryň hukuklarynyň amala aşyrylmagy döwletliligiň ösüşi bilen pugta baglanyşyklydyr. Türkmenistanda milli hukuk ulgamy kemala geldi, onuň gurluş esasyny şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet özygtyýarlylygyny goramak, halkara gatnaşyklarynda milli bähbitleri üpjün etmek maksadynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kanunçylyk kadalaşdyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksatlaryna gönükdirilen ugur düzýär. Milli hukuk ulgamy halkyň durmuş şertlerini we bagtyýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilip, halkara hukugynyň kadalary bilen sazlaşykly utgaşýar. 



Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň biziň ýurdumyzdaky wekili Witaliý Wremiş maslahatyň barşynda eden çykyşynda BMG-niň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kadalarynyň adamlaryň deňligini kepillendirýändigini, olaryň hukuklaryny we erkinliklerini oňlaýandygyny nygtady. 

Ýurdumyzda saýlawçylyk ulgamy ýokary derejede ösdürildi. Häkimiýetiň dürli derejelerinde bir bitewi Saýlaw kodeksini öz içine alýan saýlawlar hakynda birnäçe möhüm Kanunlar kabul edildi, demokratiýanyň berkidilýändigini alamatlandyrýan kuwwatly hukuk institutlary döredildi. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklary, şol sanda raýatlyk erkinliklerini ösdürmek babatda strategik häsiýete eýe boldy diýip, W.Wreniş belledi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýär. 

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Natalýa Drozd saýlaw ulgamynyň, hukuk institutlarynyň we milli kanunçylygynyň häzirki ýagdaýy Türkmenistanyň saýlaw işleriniň kämilleşdirilmegine, adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berkidilmegine, olary halkara kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen anyk işlerini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär diýip nygtady. Gazanylan üstünlikler nazara almak bilen, Merkez biziň ýurdumyz bilen ÝHHG-niň alyp barýan işiniň ähli ugurlary boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge uly gyzyklanma bildirýär. 

Maslahatda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili adam hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri hem-de milli tejribäniň we halkara kadalarynyň sazlaşygy meseleleri boýunça çykyş etdi. Soňky ýyllarda ýaş alymlaryň demokratiýa we hukuk babatda ylmy barlaglara gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigi nygtaldy. 



Ýygnananlar hukuk terbiýesiniň we hukuk medeniýetiniň ähmiýetini, şeýle hem raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmeginde döwlet edaralarynyň orny barada belläp geçdiler. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli hukuk ulgamynyň berk we şol bir wagtda çeýe binýady bolmak bilen ägirt uly mümkinçilige eýedir. Esasy Kanun ýurduň durnuklygyny hem-de syýasy, durmuş, ykdysady ösüşiniň depginini üpjün etmäge gönükdirilendir. Konstitusion ýörelgeler häzirkizaman hukuk döwletiniň, onuň institutlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we her bir raýatynyň işinde wajyp orun tutýar. 

Adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň kanuna laýyklygynyň netijesi bolmak bilen türkmen jemgyýetinde ynsanperwerligiň çuňlaşmagyna we ösmegine oňaýly täsir edýär. Munuň özi, döwletiň adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky konstitusion wezipelerine laýykdyr. Hukuk möhüm ähmiýetli durmuş, ahlak gymmatlyklarynyň zerur düzüm bölegi hökmünde çykyş edýär. 

“Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahatyň jemleri döwletliligiň mundan beýläk-de kämilleşlmegine, milli hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösdürilmegine ýardam berer. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we duşuşygyň ýokary derejede geçirilmegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdiler. Ýüzlenmede döwlet Baştutanymyza hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edilýär.