Birža söwdalarynda nebit önümlerine, karbamide we dokma önümlerine esasy üns berildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen mazudy, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa karbamid ( “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah mata we ýüplük satyldy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Pakistan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million 414 müň dollaryndan gowrak boldy.
Pakistandan we Hindistandan gelen işewürler manat serişdelerine jemi bahasy 3 million 913 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 6 million 999 müň manat bolan nebit ýol bitumyny (TNGIZT-niň önümi), azyklyk bugdaýy, pagta süýümini satyn aldylar.