Birža söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 49 million ABŞ-niň dollaryna golaý boldy

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna armatura önümleri, arassalanan pagta ýagy, jinsi önümleri hem-de nah ýüplükler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Owganystan, Pakistan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 million 937 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýadan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 870 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar.