Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 82,5 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Pakistandan, Belarusdan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna dokma senagatynyň dürli görnüşli önümlerini, buýan köküniň erginini, nah ýüplügi, hojalyk pamygyny, nah matalaryň galyndylaryny, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 82 million 695 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan gelen işewürler 2 million 375 müň manatdan gowrak nah matalaryny we sarja goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 500 müň manada barabar bolan ýük awtoulagyny we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.