Nebit, pagtany gaýtadan işlemek we maşyngurluşyk önümleri birža söwdalarynyň esmasyny düzdi

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we başga ýurtlardan gelen telekeçiler awtoulag benzinini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen parafin gaçy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dokma senagatynyň dürli görnüşli önümleri, maşyngurluşyk enjamlary, nah ýüplük we matalar, pagta süýümi, buýan köki, arassalanylan nah ýüplük galyndylary ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak boldy. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 523 müň manatdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy, pagta lintini we ulýugy satyn aldylar.