Türkmenistanda halkara maslahaty

Paýtagtymyzda “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilýän maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.
Maslahatda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan bäştaraplaýyn resminamalaryň, hususan-da, söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň gutarnykly işlenilmegine aýratyn üns berildi. Bu resminamalar 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda beýan eden tekliplerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňzindäki portlaryň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilendigini bellemek gerek. Olar daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak hem-de deňizde howpsuz ýüzmek, port we logistika düzümini ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Kenarýaka döwletleriň wekilleri yklym ulag gatnawyny döretmekde sebitiň ähmiýetini artdyrmak nukdaýnazaryndan Hazar deňzinde gämiçiligi işjeňleşdirmek barada pikirlerini we tekliplerini beýan etdiler.
Hazarýaka döwletleriň özara söwdasynyň möçberi eýýäm uly görkezijilerde öz beýanyny tapýar. Emma hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ägirt uly ätiýaçlygy nazara almak ilen, biziň döwletlerimiziň ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmek hem-de olary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar.
Dünýä bileleşiginde örän uly gyzyklanma döredýän geosyýasy sebit bolan Hazar, ozaly bilen, onuň uglewodorod serişdelerine baý bolmagy hem-de “Demirgazyk—Günorta” we “Gündogar—Günbatar” ugurlary boýunça esasy ýollaryň kesişýän ýerinde ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Hazarda köpugurly netijeli hyzmatdaşlyk kenarýaka döwletleriň hemmesi üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar, şol sanda milli, sebit derejelerinde howpsuzlygy üpjün etmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Biziň ýurdumyz sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanmagyny hem-de berkidilmegini Merkezi Aziýada amatly geosyýasy we ykdysady şertleriň döredilmegine doly ýardam etmekde, giň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini bilelikde çözmekde görýär. Munuň özi dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna giňden goşulyşmagyň, maýalary giňden çekmegiň esasy şertidir.
Hazarda parahatçylygyň, durnuklylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbidine bilelikdäki tagallalara taýýarlyk Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Wladimir Putiniň Bilelikdäki beýannamasynda hem tassyklanyldy. Bu resminama 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýanyň Lideriniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça kabul edildi. 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Astrahan şäherinde geçirilen IV Hazar Sammitinde öňe sürlen söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hakynda başlangyçlara goldawyň berilmegi tassyklanyldy. Türkmen we rus taraplarynyň öz hereketlerinde bu deňzi aýawly saklamagyň we peýdalanmagyň bähbitlerinden ugur aljakdygy bellenildi.
Şu ýylyň awgustynda türkmen Lideriniň Azerbaýjana resmi saparynyň jemleri boýunça Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň gol çeken Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamada bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz Hazar deňzine parahatçylygyň, dostlugyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde garamak bilen, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň çalt ylalaşylmagynyň we kabul edilmeginiň möhümdigini tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ähli ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Şu ýylyň aprelinde Astanada geçirilen türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki beýannamada Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Hazar boýunça esasy meseleleri çözmäge çemeleşmeleriň ýakyndygyny bellediler, şeýle hem Hazar deňzinde kenarýaka döwletleriň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilen esasy halkara şertnamasyny baglaşmagyň möhümdigini tassykladylar. Şunuň bilen bir hatarda, IV Hazar sammitiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Geçen döwürde bioköpdürlüligi goramak hakynda, Hazar deňzini ýerüsti çeşmeleriň hapalamagyndan hem-de gury ýerde geçirilýän işleriň täsirinden goramak, deňziň nebit bilen hapalanmagyna getirýän ýagdaýlara sebit taýýarlygy, täsir etmek we hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly konwensiýany amala aşyrmagyň netijeli guralyny üpjün etmäge gönükdirilen Teswirnamalara gol çekilendigini bellemek gerek.
Mundan başga-da, Teswirnamalaryň ikisi işlenip taýýarlanylýar, olar 2010-njy ýylda Baku (Azerbaýjan) şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň lll sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň üstüni ýetirer. Bu resminamalar biologiýa serişdelerini bikanun çykarmaga garşy göreşmek hem-de deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ugurlarda goňşy ýurtlaryň ygtyýarly edaralarynyň özara gatnaşyklary üçin hukuk binýady döreder.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk hem-de halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmäge hem-de bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar bolan Hazarýaka döwletleriň gatnaşyklarynyň netijeli boljakdygyny görkezdi.