«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

photo

Maslahat köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlaryň gala-konserti geçirildi. 

Ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň hem-de teleradio ýaýlymlaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” umumy milli döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda zehinli çagalaryň arasynda geçirýän bilelikdäki döredijilik gözden geçirilişi asylly däbe görä şanly senä bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň başlangyjy bolup durýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň, döredijilik merkezlerinde ukybyny artdyrýan zehinli çagalaryň we milli sungata höwesek ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşik köp öwüşgünli baýramçylyk çäresine öwrüldi. 

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň esasy wakasyna öwrülen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçmegi ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalaryň ýüzlerçesini özünde jemlän bu bäsleşige aýratyn many-mazmun berdi. 

Onuň saýlama tapgyrlary şäherlerde, etraplarda, welaýatlarda birnäçe tapgyrlar boýunça geçirildi. Olar bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitledi. Bäsleşigiň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukybyny ýüze çykarmakdan, olara goldaw bermekden, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna söýgi esasynda terbiýelemekden ybarat bolup durýar. 

Şanly Garaşsyzlygymyzyň hormatyna guraljak dabaralaryň öňüsyrasynda geçirilen bäsleşige gatnaşmak üçin paýtagtymyza ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalar ýygnandylar. Olar ýurdumyzyň baş sahnasynda çykyş etmäge we ýurdumyzyň estrada ýyldyzlary bolmak ugrunda ilkinji ädimleri ätmäge mynasyp hukuk gazandylar. Jemleýji bäsleşige ýaş ýerine ýetirijileriň 15-si, tans, aýdym-saz we halk döredijiligi toparlarynyň bolsa 23-si gatnaşdylar. Geljekde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň abraýyny belende göterjek zehinli çagalaryň 730-sy paýtagtymyza ýygnandylar. 

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda bagtyýar döwrümiziň saýrak bilbilleriniň joşgunly aýdym-sazlarynyň ajaýyp zamananyň belent ruhy bolup ýaňlanýandygy, aýdym-sazlarda ösüşleriň täze belentliklerine barýan berkarar Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň, täsin gözelliklere baý ajaýyp tebigatymyzyň waspyny ýetirýändigi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygy barada aýdylýar. Biz ýaş nesilleriň öz zehinini we ukybyny artdyrmagy, ýokary ahlakly, beden taýdan berk bolup ýetişmekleri ugrunda ähli tagallalary ederis. Çünki biz ýaş nesillerimiz bilen Watanymyzyň beýik geljegini baglanyşdyrýarys, çünki Türkmenistan bagtyýar çagalygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr diýip, milli Liderimiz belleýär. 

Soňra sahnada köpöwüşginli baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Oňa gatnaşyjylar özleriniň joşgunly tanslary we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen haýran galdyrdylar. 

Ýaş zehinleriň çykyşlary, olaryň yhlasy çagalary bolşy ýaly ululary hem biparh goýmady. Müňlerçe adamlar sahnada ýaýbaňlandyrylan çykyşlara höwes bilen tomaşa etdiler we ýerine ýetirilen aýdymlary, sazlary, tanslary we folklor çykyşlaryny uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Çykyşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaş nesilleri bilen geçiren duşuşyklary hakynda gürrüň berýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlary mynasybetli guralan sport baýramçylygy çykyşlaryň özenini düzdi. 

Ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary mähriban Watanymyza, olara bagtyýar çagalygy peşgeş eden Arkadag Prezidentimize bolan çäksiz söýgini, ajaýyp geljege bolan ynamy we ýagşy arzuwlaryň amala aşýandygyny beýan etdiler. 

Konsert ýaş zehinleriň uly geljeginiň bardygyny alamatlandyran pursatlara öwrüldi. Dabara gatnaşyjylaryň we oňa tomaşa edýän adamlaryň bilelikde ýerine ýetiren we bäsleşigiň senasyna öwrülen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdymy bu ýerde guralan baýramçylygyň jemlemesine öwrüldi. 

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen has ökde we has zehinli ýerine ýetirijileriň, ýeňiji diýen derejä mynasyp bolanlaryň atlary yglan edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere gymmat bahaly baýraklar we bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomlary gowşuryldy. Döredijilik bäsleşiginde ýeňijilerden başga-da, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi çagalary geljekki bäsleşiklere gatnaşmaga, öz döredijiliginde ýeňiş gazanmaga bolan arzuwyna ýetmäge ruhlandyrdy. 

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda oňat okamak, döredijilik bilen meşgullanmak ugrunda edýän atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözleri aýdylýar we körpeleriň Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyna, onuň baý medeniýetine we durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan sungatyna mynasyp nesiller bolup ýetişjekdiklerine bolan ynamy nygtalýar.