Elektron sporty bilen Oýunlarda täze döwür başlaýar

Dünýä taryhyndaky ilkinji elektron sporty boýunça ýaryşy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda başlap, ýaryş “Dota 2”, “StarCraft II”, “Hearthstone” we “King of Fighters XIV” oýunlary boýunça geçiriler.
Elektron sporty Oýunlarda görkezme sporty bolar. Ýaryş Aşgabat 2017 oýunlarynyň soňky güni bolan 27-nji sentýabra çenli üç günläp dowam eder.
Ýaryşyň öňüsyrasyndaky bije toparlary we garşydaşlary kesgitledi. “Dota 2” boýunça toparlar “yzygiderli tertipde” bir topar görnüşinde oýnarlar. “Dota 2” oýny boýunça Hytaýyň 2 topary bolup, şol bir wagtyň özünde Türkmenistan, Iordaniýa we Filippinler hem bir topary emele getirýär. Toparlaýyn ýaryşda bir topar saýlanýar. Saýlanan oýunçylar bolsa, “utulan çykdy” görnüşinde ýaryşyp, ýeňijini kesgitlär.
“StarCraft II”-niň oýunçylary 2 topara bölündi. Her toparyň iň gowy üç oýunçysy indiki tapgyra geçýär.
“Hearthstone”-niň oýunçylary dört topara bölünip, her toparda üç sany gatnaşyjy bardyr. Her toparyň iň gowy iki ýeňijisi nobatdaky tapgyra geçýär.
“King of Fighters XIV” oýnunyň gatnaşyjylary bolsa, iki topar bolup oýnar. Her toparyň üç ýeňijisi indiki tapgyra geçýär.
Bu örän çekeleşikli kompýuter we wideo oýny bolup, strategiýany düzüş, ugurtapyjylyk we el hem-de göz hereketlerini utgaşykly alyp barmak başarnyklary synaýar.
Aşgabat 2017-niň elektron sporty boýunça oýunda Iordaniýa, Eýran, Gazagystan, Owganystan, Mongoliýa, Hytaý, Laos, Wýetnam, Taýwan, Filippinler we ýaryşy gurnaýjy Türkmenistan ýaly ähli Oýunlara gatnaşyjy ýurtlardan ybarat bolan jemi 11 döwlet ýaryşar.