Abbasyň telebäsleşikde gazanan üstünliginden soň Aşgabat 2017-niň sahnasyna çykmagy

Telebäsleşikde üstünlik gazanan liwanly Sandra Abbas haçan-da Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sahnasyna çykanda, eminleriň üns merkezinde bolar.
28 ýaşly türgen şu ýyl Orta Gündogar boýunça geçirilen “Ýyldyzlar bilen tans etmek” atly telebäsleşikde Badih Abu Çakra atly şahyr artist bilen bilelikde çykyş edip, bu telebäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Bu bäsleşige ussat tansçy türgenler bilen bilelikde tans sportunda hiç hili tejribesi bolmadyk meşhur ýyldyzlar gatnaşýar.
Indi bolsa Abbas liwanly Assadur Eredjian bilen bilelikde 26-njy sentýabrda, sişenbe güni latyn tanslar boýunça ýaryşyň rumba we pasodobl görnüşlerinde çykyş eder.
Abbas: “Öňräk gatnaşan “Ýyldyzlar bilen tns etmek” bäsleşigim häzirki Oýunlardan tapawutly. Ol ýerde esasan, çykyşa we gahrymanlara üns berilýär. Men özümi tansçy däl-de, ýyldyz hökmünde görkezmeli boldum. Bu ýaryşda bolsa ussatlyga uly üns berilýär. Şeýle hem, ýene-de bir tapawutly tarapy, meniň bilen jübüt bolup çykyş edýan hem ussat tansçy. Emma “Ýyldyzlar bilen tans etmek” bäsleşiginden soň men latyn tanslary boýunça ussatlygymy kämilleşdirdim. Bu tans ýaryşlary biri-birinden tapawutly bolsa-da, olar biri biriniň üstüni doldurýar”.
2013-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlaryna gatnaşan Abbas: “Liwanda bu teleýaýlym örän meşhur. Oňa gatnaşyjylaryň sany hem köp. Meniň bilen jübüt bolup çykyş edýänleriň käbirleri bar ünsüni tansa berýär, käbirleri bolsa örän işli bolup, hat-da türgenleşiklere gelmäge-de wagt tapmaýar. Emma tansçy hökmünde dürli ýagdaýlara garamazdan, bar yhlasyň bilen ýapyşmak borjuň bolup durýar” diýip, sözüni dowam etdirdi.
Assadur telebäsleşikde Abbasyň garşydaşlarynyň biri bolup çykyş etdi, emma bu iki tansçy häzirki ýaryşa topardaş bolup gatnaşýarlar. Olaryň baş maksady öz watanlaryna medally dolanyp barmak.
Abbasyň aýdyşy ýaly, bu iki tansçynyň “Ýyldyzlar bilen tans etmek” atly bäsleşikde garşydaş bolandygyny unutmak gerek. Sebäbi häzirki wagtda iki türgeniň biri birini goldap, bir maksada okgunly hereket etmelidigini nygtaýan Abbas: “Tans sporty bir wagtyň özünde hem sungat, hem sport bolup durýar. Şol sebäpli türgeniň öňünde ikisini hem utgaşdyrmak wezipesi goýulýar. Her bir tans özboluşly ýerine ýetirilmeli” diýip sözüni jemledi.
Liwanly tansçylar bilen deň hatarda samba we pasodobl görnüşde çykyş etjek gyrgyzystanly Alekseý Kibkalo we Tatýana Kogadeý hem medally orna dalaş edýärler.
Olar pasodobl ýaryşynda Hytaýdan gelen Ýan Bangbanga we Žu Jinge garşy çykarlar. Mundan başga-da, hytaýly türgenler jaýw görnüşine hem gatnaşarlar. Şeýle hem, sambada we jaýwda çykyş etjek günorta koreýaly Nam Gi Ýong we Şin Nara tomaşaçylaryň ünsüni aýratyn özlerine çekerler.