Türkmenistan Bosgunlaryň olimpiýa toparlary hakynda jarnamany durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri kesgitledi

Türkmenistanyň Hökümetiniň 22-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýalyy, Daşary işler ministrligi Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Ženewada geçirilen 36-njy maslahatynda kabul edilen «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnamany iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça iş alyp barýar.
Türkmen tarapy du Jarnamany iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen anyk teklipler taýýarlady, olara laýyklykda, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň garamagyna Jarnamany BMG-niň Baş Assambleýasynyň resmi resminamasy hökmünde resmileşdirmek hakyndaky mesele giriziler. Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýeti hem-de Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikde Bosgunlaryň sebit, kontinental we halkara derejelerinde, hususan-da, Aziýada geçirilýän sport çärelerine gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde şu ýylyň 2—6-njy oktýabry aralygynda geçiriljek BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine Daşary işler ministrliginiň hem-de Migrasiýa gullugynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýetiň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň hem-de Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary guramak we olaryň çäklerinde agzalan Jarnamanyň mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak, Bosgunlaryň meselelerine ünsi çekmek we bu barada habarlylygy ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Ženewa şäherinde “Sportuň we olimpik idealyň üsti bilen adam hukuklaryna ýardam bermek” atly BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşiniň çäklerinde ýörite kararnamany kabul etmek üçin degişli işleri geçirip başlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Jarnamadan gelip çykýan ugurlar boýunça BMG-niň Wena şäherinde ýerleşýän düzüm birlikleri tarapyndan alnyp barylýan işleriň çäklerinde sagdyn durmuşy we olimpiýa hereketini wagyz etmäge bagyşlanan ýörite çäreleri taýýarlamak teklip edilýär.
Şeýle hem bu resminamanyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Adam hukuklary boýunça geňeş hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde brifingleri, “tegelek stollary” we degişli söhbetdeşlikleri guramak meýilleşdirilýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň howandarlygynda Bosgunlaryň Olimpiýa hereketine gatnaşmagy boýunça halkara maslahatyny geçirmek teklip edilýändigini habar berdi.
Şu ýylyň 7-nji aprelinde geçirilen “Aziada – 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň ýedinji halkara maslahatynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu forumda Bosgunlaryň halkara sport çärelerine gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ählumumy maksatnamasyny BMG-ä agza ýurtlar tarapyndan kabul edilmegi üçin hödürlemek teklip ediler.