Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanýandyklaryny beýan etdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirdi.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziadanyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, onuň geçirilmeginiň ýurdumyzyň ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, dünýäde Olimpiýa hereketiniň ynsanperwer gymmatlyklarynyň ykrar edilmegine ägirt uly goşandy boljakdygyna ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi yklymlaýyn sport ýaryşlarynyň başlanmagy bilen gutlady we oňa gatnaşyjylara ýeňişleri arzuw etdi. Täjigistanyň Baştutany türkmen paýtagtynda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň parahatçylyk döredijilik, dünýäniň ähli halklary we ýurtlary bilen açyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Şeýle ägirt uly çäreleriň geçirilýän ýeri bolan, Türkmenistan halkara sport merkezleriniň birine öwrülýär. Bu bolsa türkmen Lideriniň bu ugurda amala aşyrýan giň möçberli işleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary türkmen hem-de täjik halklarynyň gadymy taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine we sazlaşykly ösüşine ýokary baha berdiler.
Döwlet Baştutanlary iki ýurduň mümkinçiliklerini we bähbidini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, döwletara ykdysady taslamalary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Diňe bir iki ýurduň halklarynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň bähbidine gulluk etmäge gönükdirilen Türkmenistan – Owganystan-Täjigistan polat ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bu ugruň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Şeýle hem taraplar elektroenergetika, söwda, nebitgaz senagaty we oba hojalygy ýaly pudaklarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdylar.
Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny nygtap, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, wajyp ekologiýa meseleleriniň çözgüdindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen bagolylykda, Täjigistanyň Baştutany suwdan peýdalanmak boýunça sebit meselelerini çözmekde türkmen Lideriniň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Şeýle hem ylym we bilim, medeniýet hem-de sport, umuman, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.