Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda pikirlerini aýtdylar

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy. 

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistana gelmek hem-de Aziada-2017-niň başlanmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin owgan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. 

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýurduň halky bilen türkmen halkyny hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleri hem-de taryhy-medeni umumylyk baglanyşdyrýar. 

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistana gelmek baradaky çakylyk hem-de mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz hoşallyk bildirip, türkmen Liderine we ähli türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň aýrylmaz bölegi bolan parahatçylyk söýüjilikli öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýändigi hem-de dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna belent sarpa goýulýandygy nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ygtybarly özenini düzýär. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryndaky möhüm meseleler boýunça pikir alşyp, soňky wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň giňişliginde özara gatnaşyklaryň ösüşiniň depginini kanagatlanma bilen bellediler. 

Şu ýylyň iýul aýynda Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklaryň dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny berkitmegiň hem-de artdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädime öwrülendigi bellenildi. 

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça işewür aragatnaşyklary giňeltmegiň hasabyna ösdürmek üçin mümkinçilikleri düýpli öwrenmegiň maksadalaýykdygy baradaky pikiri aýtdylar. Ýakynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şäherinde bilelikdäki “Türkmenistan” söwda öýüniň açylmagy bu ugurda amala aşyrylan anyk işleriň birine öwrüldi. 

Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Aziýa halkara demir ýol ulaglary geçelgesiniň gurluşygynyň iri möçberli taslamalarynyň Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly düzgünleşdirmekde hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň sebitini durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak goşanda öwrüljekdigini belledi. 

Bütin dünýäde bolşy ýaly, Owganystanda hem türkmen Lideriniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we sebitde durnuklylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň esaslarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny doly goldaýarlar diýip, Mohammad Aşraf Gani nygtady hem-de Owganystanyň parahatçylykly durmuşynyň we durmuş-ykdysady ösüşiniň esaslarynyň pugtalandyrylmagynda berilýän goldawlar üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Bu ýurda Türkmenistan ýeňillikli şertlerde elektroenergiýany iberýär, ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugradýar, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş ähmiýetli desgalary gurýar. 

Owgan halky bu kömege ýokary baha berýär hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar diýip, belent mertebeli myhmah belledi hem-de däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan galkynmagynda geljekde-de hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň owgan halky bilen onuň parahatçylykly we durnukly durmuşa bolan ymtylmasynda tüýs ýürekden raýdaşdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylýan Aziada baradaky meseläni gozgap, Türkmenistanyň bu oýunlara uly sport baýramçylygy hem-de Aziýa yklymynyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen örän iri jemgyýetçilik-syýasy waka hökmünde taýýarlyk görendigini belledi. 

Owganystanyň Baştutany paýtagtymyzda geçirilýän iri halkara sport ýaryşlarynyň üstünlüge beslenjekdigine ynam bildirdi.