Türkmen türgenleri Aşgabat 2017 ýaryşlary üçin gelenleri dostlukly garşy alar

Ýaryşlaryň örän çekeleşikli geçjekdigine garamazdan, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirýän ýurduň öňdebaryjy türgenleriniň myhman türgenlere bolan hormatly hem-de dostlukly gatnaşygy geljekki oýunlar üçin hem görelde bolar.
Türkmenistanyň ökde erkek we zenan türgenleriniň ençemesi bir-birege el berip, paýtagt - Aşgabat şäherinde 12 günüň dowamynda geçiriljek dünýä derejeli ýaryşlara gatnaşmak üçin gelýän ýoldaş türgenlerine raýdaşlyk duýgulary bilen ýüzlendiler.
Aziýanyň hem-de Okeaniýanyň 65 wekiliýetinden geljek 6000-den gowrak türgenler we resmi wekiller, Merkezi Aziýanyň taryhynda geçiriljek ilkinji uly göwrümli sport çäresinde ýaryşmak üçin gelmeklerini dowam edýär. Türkmen halky bolsa türgenleri mähirli garşy almagyny dowam edýär.
17-nji sentýabrda geçiriljek Açylyş dabarasynyň başlanmagyna sanaýmaly sagadyň galmagy bilen, dört sany türkmen türgeni Oýunlaryň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygaryndan ugur alyp, daşary ýurtlardan geljek türgenlere dostlaşmak üçin el uzatmaga taýýardygyny nygtady. Bu bolsa, nesilleriň dostlukly we sagdyn ýaşaýyş durmuşyny alyp barmagyna itergi berer.
2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda türkmen baýdagyny belende galdyrmagy başaran ýüzüji türgen Merdan Ataýew Türkmenistanyň sport dünýäsiniň parlak ýyldyzlarynyň biridir.
“Aşgabat 2017 ýaryşlaryna gatnaşjak islendik türgen ýaly, men hem ýeňiş gazanmagy arzuw edýärin. Emma şular ýaly uly göwrümli we köpugurly sport çäresini geçirmegi, hem-de oňa gatnaşyp bilmegiň wajyplyk derejesi, ýeňijileriň münberinden has-da ileridir” diýip, 50 metr we 100 metr aralykda arkan ýüzmek sport ugrunda altyn medal üçin ýaryşmaga taýýarlanýan Ataýew bize gürrüň berdi. Soňra ol:
“Müňlerçe türgenleriň ýurdumyza gelmeginiň özi örän tolgundyryjy waka. Biziň köpimize daşary ýurtlarda geçirilen ýaryşlara gatnaşmak miýesser etdi hem-de ýaryş geçirilýän ýurduň myhmansöýerliginden peýdalanmagy başardyk. Indi bolsa, biziň gezegimiz geldi. Biz Watanymyzyň gapysyny dostlarymyz üçin giňden açarys hem-de olara türkmen myhmansöýerliginiň hem-de medeniýetiniň nähili derejede ýokarydygyny görkezeris.
Men Türkmenistan ýurdumyzyň baýdagyny Rio-de-Žaneýro şäherinde göterenim ýadymda we hiç wagt ömrümde beýle buýsançly pursady başymdan geçirmändim. Biziň ählimiz Rio şäherinden arkamyza Watanymyzyň baýdagyny alyp geldik. Emma ähli türgenler stadionda jemlenende bolsa, biz bir baýdagyň – Sport baýdagynyň astynda jemlenişdik. Diňe sport bize şular ýaly duýgulary başdan geçirdip bilýär. Edil şol duýgulary 65 wekiliýet bir maşgala bolup, Aşgabada geleninde ýene-de başdan geçireris” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Merdanyň dostluk ýüzlenmesi sport göreşi boýunça pälwan Seýdilla Tazaýew tarapyndan hem goldaw tapdy. Seýdilla Aşgabat 2017 oýunlary döwründe Türkmenistan döwletiniň medal gazanmakda bildirýän esasy umytlarynyň biri bolup durýar.
“Elbetde, medal gazanmak öran wajyp, emma ýaryşy geçirýän ýurduň türgenleri hökmünde, nireden gelendigine garamazdan, ähli myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrmak, biz üçin has-da möhümdir” diýip, ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 60 kilogram agram derejesiniň ýeňijisi bolan Tazaýew bize gürrüň berdi.
“Asyrlar boýy türkmen halky öz myhmansöýerligi bilen tanalyp gelýär. Türkmenistana gelýän müňlerçe adamlara gujagymyzy ýene-de giňden açyp, “Türkmenistana hoş geldiňiz!” diýmäge biz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, Seýdilla nygtady.
Ýeňil atletikanyň ýerli muşdaklary Alişer Sadullaýew ýaly 100m we 200m aralykda şahsy rekordyny goýmaga çalyşjak türkmen türgenleriniň medal gazanmagy üçin janköýerlik etse gerek.
“Türkmenistanly toparyň agzasynyň adyndan çykyş etmegiň özi hem meniň üçin uly hormat. Çünki, şu günler ýurdumyz wajyp döwri başdan geçirýär” diýip, Alişer aýdyp berýär. “Men Aşgabatda doguldym, şonuň üçin-de bu Oýunlar meniň hem-de topardaky ýoldaşlarym üçin has-da buýsandyryjy çäre bolar. Meniň daşary ýurtlardan hem köp dostlarym bar. Olar menden köp zat soraýar. Bu sebäpli, men Türgenler şäherçesiniň dostlugyň merkezi boljakdygyna doly ynanýaryn. Oýunlar döwründe türgenleriň özüni alyp barşyny synlamakdan hem dünýä üçin köp zat aýan bolar we köp zat öwreniler. Ähli türgenler bolup parahatçylyk, agzybirlik hem-de birek-birege sarpa goýmak barada ýüzlenmäni biz bütin dünýä aýan edip bileris” diýmek bilen, Alişer sözüni jemledi.
Aşgabat 2017 oýunlarynyň geçirilmegi beýik türkmen milletiniň taryhynda altyn harplar bilen ýazyljakdygy gümansyzdyr. Guşakly göreş we türkmen milli göreşi sport ugurlary boýunça ýaryşjak Nasiba Surkiýewa geçiriljek çäreleriň dostluk ýüzlenmesiniň Oýunlardan galjak wajyp mirasyň biridigine ynanýar.
“Ýaryşlar döwründe biz öz garşydaşymyzy bäsdeş hökmünde sylasak, ýaryşdan daşary bolsa, biz ähli türgenleri adamçylyk nukdaýnazaryndan sylamalydyrys. Aşgabat şäheri daşary ýurtdan gelen türgenleriň wagtlaýyn öýi bolar. Şonuň üçin-de, türgenleriň nireden gelendigine, olaryň haýsy dilde gürleýändigine, haýsy dine ynanýandygyna hem-de milletine we gelip çykyşyna garamazdan, biz hemme türgenleri Ata Watanymyzda garşy almaga örän şatdyrys” diýmek bilen, Nasiba ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Türkmenistan döwleti Aşgabat şäherinde müňlerçe myhmanlary dünýä ülňülerine laýyklykda kabul etmek üçin döwrebap Olimpiýa şäherjigini Aşgabat şäheriň merkezinde gurmak arkaly örän uly maýa goýumlaryny amala aşyrdy. 12 ýaryş gününiň dowamynda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlaryň geçiriljek 15 sany sport desgalarynyň 13-si hem Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýändir.