Dünýäde tomaşaçylaryň bar ünsi Aşgabat 2017-de

photo

Şu hepdäniň ahyrynda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlary dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan millionlarça tomaşaçylar üçin ýaýlyma berler.

Türkmenistanyň paýtagty bolan Aşgabat şäherinde geçirilýän bu sport baýramçylygyna Aziýa we Okeaniýa sebitiniň 65 wekiliýetinden 6 000 türgen we topar wekili gatnaşar.

Ýekşenbe güni Oýunlaryň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri bolan 45 000 orunluk Aşgabat Olimpiýa stadionynyň dolmagyna garaşylýar. Bu ajaýyp dabaranyň şekilleri we sport ýaryşlary dünýäniň 57 künjeginde ekranlarda görkeziler.

Teklibini bermek bilen ygtyýarlyk alan ýaýlyma berijileriň köp bolmagy Oýunlaryň guramaçylaryny diýseň begendirdi. Indi Aşgabat 2017-ä tomaşa etjekleriň sany şu wagta çenli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda rekord derejä ýeter.

 V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Öňümizdäki iki hepdäniň dowamynda Aşgabat şäherinde adamzadyň medeni baýramçylygy bolan çäräni geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Dünýä ýüzünde tele tomaşaçylaryň sanynyň şeýle köp bolmagy bizi diýseň begendirýär. Aşgabat 2017 “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçirilýär. Türkmenistanda bolup geçjek şeýle ajaýyp baýramçylyga dünýäniň dürli künjeklerinde tomaşaçylaryň tomaşa edip biljekdigi bizi guwandyrýar” diýip belledi.

Sportuň ähli 21 görnüşi boýunça 15 ýaryş desgasynda geçiriljek ýaryşlar göni ýaýlym üçin dürli görnüşlerde taýýarlanylar we çäräniň ýaýlyma berilmegi üpjün ediler.

Jiu-jitsu, futzal we türkmen milli göreşi boýunça sport ýaryşlary açylyş dabarasyndan bir gün öň, ýagny şenbe güni başlar we Oýunlaryň sport maksatnamasyna badalga berer.