Türkmenistanly zenan göreşçiler Aşgabat 2017-ä taýýar

Türkmenistanyň sport göreşi boýunça erkekler topary Aşgabadyň etegindäki sport zalynda türgenleşik geçýän wagty, zenanlar topary hem pes oturmaýarlar. Olar özleriniň durmuşynda iň uly waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna soňky taýýarlyklaryny görýärler we türgenleşik zallarynda irginsiz taýýarlanýarlar.
Erkekleriň topary bilen deňeşdirilende, zenanlar toparynyň tejribesi onçakly köp däl. Olar diňe sebitleýin ýaryşlara gatnaşdyrlar, emma muňa garamazdan ýaş zenan türgenler açylyş dabarasy bilen bir günde, ýagny 17-nji sentýabrda badalga alýan Aşgabat 2017-de Türkmenistanyň abraýyny has-da ýokary götermäge taýýar.
Nurjahan Altyýewa sport bilen meşgullanmaga 12 ýaşyndan başlady. Ünsüni jemlemek üçin ýaka gaýamak bilen meşgullanýan Nurjahan şeýle gürrüň berdi: “Sport göreşi sportuň giňden ýaýran görnüşleriniň biri. Men dört çaganyň içinde körpesi. Çaga wagtym örän çalasyndym, hemişe hereketdedim, şol sebäpli enem-atam sport bilen meşgullanmagymy meniň üçin peýdaly bolar diýen pikire geldiler. Sport göreşi özüme bolan ynamymy artdyrdy we fiziki taýdan kämilleşmäge ýardam berdi”.
Mundan başga-da, zenanlar öňden diňe erkekleriň sporty hasaplanýan sport göreşinde, esasan hem, zenanlar üçin göreşiň erkin görnüşi açylanda uly üstünliklere eýe boldular.
Toparyň ýene bir agzasy Rozanna Kurambaýewa göreş bilen meşgullanmaga başga sebäpleriniň bardygyny habar berdi: “Meniň pikirimçe, göreş erkekleriň sporty däl. Men gyzlaryň özlerini gorap bilmekleri üçin göreş bilen has köp meşgullanmagyny isleýärin”.
Ýulduz Madýarowa ýaşy boýunça milli ýygyndy toparyň iň ulusydygyna garamazdan, ýaryşdan öň biraz tolgunýandygyny habar berdi: “Goňşularymyzyň ýarysy Oýunlarda çykyşlaryma tomaşa ederler. Men ýaryşlara gatnaşýandygyma buýsanýaryn. Watanymyň abraýyny goramak meniň üçin uly hormatdyr”.
Aşgabat 2017-ä taýýarlyklaryndan boş wagty Ýulduz kakasyna jaý salmaga kömek edýär. Ol: “Men ussa. Maşgalamyzyň iň uly çagasy bolandygym üçin kiçi jigilerime we uýalaryma görelde bolmaga çalyşýaryn” diýip gürrüň berdi.
Oguljan Egemberdiýewa sport zala horlanmak üçin gatnamaga barandan soň sport göreşi bilen gyzyklanyp ugrady. 19 ýaşly Oguljanyň sporta bolan ukybynyň bardygy ýüze çykdy we göreş bilen meşgullanyp başlady. Dogany Maksuda bolsa guşakly göreşe gatnap başlady. Ol hem Oýunlarda çykyş etjek Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasydyr.
Oguljan: “Meniň maksadym 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdyr. 1991-nji ýyldan bäri Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gelýär, emma gynansak-da şu wagta çenli medal almak miýesser etmedi. Her kimiň öz Watany üçin ilkinji bolup medal almagy isleýär” diýip, öňünde goýan maksadyny mälim etdi.
Tolgunan wagty rahatlanmak üçin dürli görnüşli tortlary gowy görýän Jamilýa Annamuradowa öňündäki kynçylyklardan baş alyp çykmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Onuň aýtmagyna görä, iýul aýdan bäri ýaryşlardan öň tutýan berhizine tort iýmezlik hem girýär. Jamilýa ýaryşlar barada şeýle diýdi: “Öz Watanymyň abraýyny goramak örän buýsandyryjydyr. Haçan-da ýaryş düşekçesine çykanymda men biraz tolgunýaryn, emma goldaw boljakdygyny bilýärin”. Onuň garaşýan goldawynyň bolsa ildeş janköýerleriniň goldawydygyna hiç hili şübhe ýok.
Iki günläp dowam etjek sport göreşi boýunça zenanlaryň hem-de erkekleriň arasyndaky ýaryşlar 24-26-njy sentýabrda Sportuň oýun görnüşleriniň arenasynda geçiriler.