“Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň döredijilik işleri boýunça direktory Fransisko Negrin bilen söhbetdeşlik

photo

Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek uly göwrümli sport çäresiniň, ýagny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabat şäherinde geçirilmegine sanlyja gün galdy. Çäreleriň geçiriljek 12 günüň dowamynda, jemi 21 sport görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşmak üçin gelýän Aziýanyň hem-de Okeaniýanyň jemi 65 wekiliýetinden 6000-den gowrak türgenleriň hem-de resmi wekilleriň gatnaşmagynda, Aşgabat 2017 Türkmenistan döwleti hem-de Aşgabat şäheri üçin ägrit uly başlangyç hem-de deňi-taýy bolmadyk waka bolup durýandyr. 

Aşgabat 2017 oýunlarynyň geriminde geçirilýän sport çäresi bu Oýunlary bütin dünýä bilen tanyşdyrmak üçin uly dabara bilen açylmaga mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş dabarasy tomaşaçylary haýran galdyrjak baýramçylyk bolar diýip, ynamly aýdyp bileris. Açylyş dabarasy düzülip, iki sagatdan geçýän wagt aralygynda geçiriljek dabara taýýarlyk görmek üçin 7500 çykyş ediji, 200 sany sazanda we 100 sany öý haýwanlary gatnaşýar. Ondan daşary, ýetip gelýän dabara üçin 75000 egin-eşik ulanylýar hem-de tükeniksiz sagatlar sarp edilýär. Ýokardaky bellenilenleri nazara almak bilen, Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş dabarasy taryhda geçiriljek iň uly dabara bolmagy gaty ahmal.

Bütin dünýä belli “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň döredijilik işleri boýunça direktory bilen tanyş boluň. Fransisko Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş dabarasynyň direktory bolmak bilen, ol dabaranyň dolandyryş işlerini alyp barýar.

Alyp barýan işiniň gerimi barada berlen sowala Fransisko Negrin şeýle jogap berýär: “Meniň pikirimçe, Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş dabarasy Oýun görnüşli dabaralaryň iň uzak dowam edýäni bolmaly. Adatça, dabaralarda artistleriň çykyşy bir sagat ýa-da bir ýarym sagat dowam edýär. Soňra türgenleriň ýörişi bolýar. Aşgabat 2017 oýunlarynda bolsa iki ýa-da iki ýarym sagatlyk artist çykyşlary bolýar. Bu bolsa geçirilýän dabara üçin örän köp adamyň gatnaşýandygyny aňlatmak bilen, onuň geriminiň neneňsi ägirtdigini görkezýär” diýip, sözüni dowam etdi.

Negrin dabaranyň ilkinji ýörelgesini hem-de deslapky taslamasyny hem özi düzüpdir. Wagtyň geçmegi bilen ol Türkmenistanyň hökümet guramalary hem-de dürli degişli ýolbaşçylary bilen, meselem, horeografiýa, saz, elektron proýektirleme hem-de birnäçe beýleki bölüm ýolbaşçylary bilen birlikde işleşmek arkaly dabarany şu günki görnüşine getirmegi başardy. 

Uly göwrümli dabarany dolandyrmak üçin nähili işleri alyp barýandygy barada soralanda, Fransisko: “Şular ýaly uly dabarada möhüm zatlaryň ýene biri beýleki bölümler bilen üznüksiz aragatnaşykda bolmakdyr. Çünki, edilmeli işler juda köp. Köplenç bolsa käbir işler diňe özüniň degişli bölümi bilen işleşmek arkaly amala aşyrylyp bilinýär. Meselem, uly jemagatyň horeografiýasy. Ägirt uly jemagata şol bir tansy etdirmek üçin tebigatda seýrek duş gelýän zehin gerek. Ol zehin bolsa ýer ýüzünde, belki-de, diňe üç adamda bardyr. Şolaryň biri-de biz bilen birlikde işleýän Braýan Wolters. Ol örän ukyply hünärmen, sebäbi ähli tansçylaryň birmeňzeş hereket etmegini, sazyň we tansyň hemmelere deň täsirini ýetirmegini hem-de olaryň dabaranyň tizliginde hereket etmegini üpjün etmegi başarýar” diýip, jogap berdi.

Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş dabarasynyň dowamynda geçiriljek çykyşlaryň aglabasynyň gizlinlikde saklanýandygyny nazara alyp, Negrin bize syryň diňe azajyk bölegini açdy:

“Şu taslama ýaňy başlanymyzda, biz Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen pikir alyşmak üçin duşuşyk geçirdik. Olaryň hem bellänleriniň iň esasylarynyň biri şu boldy: türkmen halky onlarça asyrlaryň dowamynda ençeme kynçylyklary başdan geçirdi. Muňa garamazdan, halk kynçylyklary ýeňip geçip, ýaňadan aýaga galmagy başardy” diýip, Negrin geçen günleri ýatlaýar. “Bu halkyň Magtymguly Pyragy atly beýik şahyry bar. Ol türkmen halkynyň agzybirlikde, beýik bir döwlet bolup jebislenjekdigini öňden görüp, şygyrlarynda beýan edipdir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pyragynyň aýdyp geçen döwrüniň gelendigine ynanýar. Dabaranyň hem esasy öňe sürýän pikirleriniň biri-de beýik halk bolup aýaga galmagyň beýany bolup durýar”. 

Ýekşenbe güni geçiriljek Açylyş dabarasy barada ýene-de käbir zatlary gürrüň bermegini haýyş edenimizde, Negrin taýýarlyk döwründe çykyşlara syn edenleriň pikiriçe iň ajaýyp diýip pikir edýän bölümi barada gysga maglumat bermek bilen şeýle diýdi: “Adamlar hemişe “Sport Aşgabada gelýär” bölümi örän täsirli diýip baha berýärler. Ilki bilen söweş sungatyny görkezýän çykyş edijiler gelýär, soňra beýleki çykyş edijiler. Käbiri bolsa, stadiona uçup gelip, ruhlandyryjy sazyň ýaňlanmagynda we ençeme adamlaryň tans etmegi arkaly sport görnüşiniň piktogrammasyny döredýär. Bu bolsa, aglaba tomaşaçylar üçin iň ýatda galyjy pursatlaryň biri bolar”

Fransisko Negriniň we “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň dabaralar boýunça toparynyň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilmeli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Açylyş dabarasynda boljak çykyşlary taýýarlap başlamakda äden ilkinji ädimlerinden bäri üç ýyla golaý wagt geçdi. Öňümizdäki ýekşenbe güni Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriljek bu Açylyş dabarasy müňlerçe adamlaryň zähmetiniň netijesinde döredilen deňi-taýy bolmadyk dabarany dünýä ýaýar. 

Dabaranyň geçirilmegine sanlyja gün galan hem bolsa, edilmeli işleriň köpdügi sebäpli, Negrin bu dabara üçin öňki ýyllar eden işini ýatlap, wagt sarp etmek islemeýär. Muňa garamazdan, ol geçen günleriň käbirini ýatlap gülýär: “Haçan-da, men ilkinji gezek ençeme müň adamdan ybarat bolan ägirt uly mähelläniň dabara üçin stadiona getirilendigini görenimde, kellämde şeýle pikir döredi: “Eý, Hudaý! Men nämä baş goşdymkam?!” Emma türkmen halkynyň mylakatlylygyny hem-de degişgenligini görüp, mende bu halka bolan uly hormat we sarpa döredi. Daşyndan agras görünýän halky ýakyndan tanap başlanyňda, olaryň nähili mähriban, açykgöwünli adamlardygyny görýäň. Olar ýaly adamlar bilen bile işleşeniňde bolsa, edilýän işleriň ählisiniň gymmatynyň örän uludygyna göz ýetirýärsiň” diýip, sözüni jemledi.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 17-nji sentýabrda sagat 20:17-de Açylyş dabarasynyň dowamynda açyk diýlip yglan ediler.