Malaýziýanyň topary Aşgabat 2017-de öňdebaryjy taýlandly taýboksçylarynyň garşydaşy bolar

Taýland taýboksyň gelip çykýan ýurdy. Emma şu ýylyň awgust aýynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen Günorta-gündogar Aziýa oýunlarynda ýer eýeleri üstünlikli çykyş edip, taýlandly türgenlere öz ussatlygyny görkezmegi başardylar we ýekşenbe güni Türkmenistanyň paýtagtynda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda mynasyp garşydaşdygyny subut etdiler.
Taýlandyň we Malaýziýanyň toparlarynyň her haýsy sportuň bu görnüşinde iki altyn medal gazandy. Taýlandly türgenler üç kümüş medal almak bilen, bir kümüş we bir bürünç medal alan malaýziýaly garşydaşlaryndan üstün çykyp, sähel tapawut bilen toparlaýyn umumy hasapda birinji orny eýelediler.
54 kg agram derejede çykyş eden malaýziýaly Mohd Ali Ýakub Suraçaý Naktaemdan üstün çykdy we altyn medala mynasyp boldy. Şol bir wagtyň özünde onuň ildeşi Aýn Kamarrudin (57 kg) final tapgyrda dünýä çempiony Taçtana Laungfony ýeňdi.
Birnäçe hepde mundan ozal rak keseli zerarly kakasynyň aradan çykandygyna garamazdan, çempion adyny gazanan Aýn şeýle gürrüň berdi: “Men ýeňiş gazananyma buýsanýaryn. Men şu altyn medaly kakama, maşgalama we ähli watandaşlaryma bagyşlaýaryn.”
2013-nji ýylda Mýanmada geçirilen Günorta-gündogar Aziýa oýunlarynda bürünç medalyň eýesi bolan 25 ýaşly Kelantan Taçtanadan 29-28 hasap bilen üstün çykyp, durmuşynda ilkinji gezek altyn medala mynasyp boldy.
31 ýaşyndadygyna garamazdan, Ali ilkinji gezek Günorta-gündogar Aziýa oýunlarynda çykyş etdi we final tapgyrda Suraçaýy 30-27 hasap bilen ýeňdi.
Milli ýygyndy toparyň tälimçisi Bernard Radin: “Topar Günorta-gündogar Aziýa oýunlaryndan öň bir aýyň dowamynda Taýlandda türgenleşik geçdi. Bu ýaryşyň netijesi Malaýziýada taýboksyň ösendiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip belledi.
Mundan başga-da, 63,5 kg agram derejede çykyş eden taýlandly Çonlawit Pridasak kümüş medal bilen sylaglandy. Kambojaly Hun birinji tapgyrda nok-dauna gidendigine garamazdan, Dima Çonlawiti 29-28 hasap bilen ýeňip, çempion adyna mynasyp boldy.
Uly agram derejede çykyş eden taýlandly türgenler bolsa has üstünlikli çykyş etdiler.
Mana Samçaýýafum (67 kg) malaýziýaly Tengku Şarizal Tengku Abdul Rahman bilen bolan tutluşykda ýeňiş gazandy, Anueng Hattamarasri (71 kg) hem kambojaly Muen Sofidan üstün çykdy. Bu türgenleriň ikisi hem altyn medala eýe boldular. Şeýle hem, bu agram derejede malaýziýaly Muhamad Samsi Nur we wýetnamly Truong Kwok Hang bürünç medala mynasyp boldular.
Ýer eýeleriň topary üçin Günorta-günbatar Aziýa oýunlarynda gazanylan altyn medallar üstünligiň bir bölegi boldy. Malaýziýanyň türgenleri altyn medallaryň jemi 145-sine mynasyp boldular. Ikinji gowy netije görkezen taýlandly türgenler bolsa 73 sany altyn medal aldylar. Şeýle hem, malaýziýalylar kümüş medallaryň 92-siniň we bürünç medallaryň 86-synyň, jemi 323 medalyň eýeleri boldular.
Toparlaýyn umumy hasapda jemi 72 medal gazanan Taýland ikinji orny, 58 medalyň eýesi Wýetnam bolsa üçinji orny eýeledi. 2019-njy ýylda Jakarta we Palembang şäherlerinde XVIII Aziýa oýunlary geçirjek Indoneziýa bolsa 38 sany altyn medal gazandy.
Türgenleriň köpüsiniň öňünde goýan indiki maksady Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak. 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Aşgabat 2017 oýunlaryna 65 sany wekiliýetden 6 000 türgen gatnaşar.