Aşgabat 2017 oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Aziýanyň medalyny gazanmagy baş maksat edinen türkmen kikboksçysy

photo

Ýekşenbe güni başlanjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin dünýä derejeli türgenleriň Aşgabada gelmekleriniň dowam etmegi türkmenistanly türgeniň medal gazanmaga bolan ynamyny birjikde gaçyranok. 

Aziýa hem-de Okeaniýa döwletleriniň 65 wekiliýetinden Türkmensitana gelýän 6000 töweregi türgeniň hem-de resmi wekilleriň arasynda kikboksçy Mustafa Nažmuddiniň özüne bolan ynamyndan artyk ynamly türgenler az bolsa gerek. Çünki, Mustafa ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen Aziýa derejeli ýaryşlarda ýeňiji bolmagy başardy. 

25 ýaşly Mustafa şu ýylyň başynda Aşgabat şäherinde geçirilen Aziýanyň Kikboksing boýunça çempionatynda bürünç medaly gazanmagy başardy. Bu bolsa Mustafada öňümizdäki hepdede geçiriljek ýaryşlarda ýeňiji bolmaga hem-de medal gazanmaga uly höwes döretdi. 

Türkmenabat şäherinde ýaşaýan Mustafa: “Bürünç medaly almagym meni geljekki ýeňişlere bolan ynamymy artdyrdy. Öňümizdäki Oýunlar üçin ýeterlikli türgenleşdimmikäm diýýärin. Baş maksadym ýeňiji bolmak. Men ýaryşmaga taýýar.Ýeniji bolmak meniň üçin, ylaýta-da Türkmenistan Watanymda ýeňiji bolmak, örän wajyp” diýip gürrüň berdi.

Ýaşaýan şäheriniň türgenleşik zalynda 75 sany okuwça tälim berýän Mustafa 14 ýaşyndan bäri kikboksing bilen meşgullanyp gelýär. “Näme üçindigini bilemok, ýöne men kikboksingi şeýle bir gowy gördüm! Kiçikäm kikboksing uruşly filmlere köp tomaşa edýärdim. Bu meni türgenleşik zalyna baryp, kikboksing bilen meşgul bolmaga iterdi. Bu sportda hem eliňi, hem aýagyňy ulanyp bilýärsiň. Kikboksing sportuň kyn görnüşleriniň biridigine garamazdan, men bu sporty haladym. Men 2008-nji ýyldan bäri ýaryşlara gatnaşyp gelýärin. Emma ýaryşlara gatnaşyp biljek derejä ýetmegim üçin üç ýyllap türgenleşdim. Men ýokary derejeli türgen bolmak üçin örän köp zähmet çekmeli boldum” diýip, Mustafa geçen günlerini ýatlady.

Mustafa dürli derejelerde geçirilen milli ýaryşlaryň 12-sinde ýeňiji bolmagyň hötdesinden geldi, emma Aşgabat 2017 oýunlarynyň synag çäreleriniň dowamynda gazanan medalyny esasy üstünligi diýip hasaplaýar. Bu barada Mustafa: “Öň men lou-kontakt boýunça ýaryşýardym. Bu görnüşde ýaryşa taýýarlanmaga meniň diňe üç aý türgenleşik wagtym bardy. Şonuň üçin haçan-da meniň medal gazanandygym yglan edileninde, meniň şatlygymyň çägi bolmady. Şondan bäri hem men günde üç wagtyna türgenleşýärin. Çünki öňümizdäki ýaryşlarda meniň örän ukyply bäsdeşlerim bar. Bäsdeşlerimiň ählisi hem, hususanda, gazak türgenleri, özbek we eýranly kikçboksçylar örän güýçli. Olar ökde göreşçiler, şonuň üçin olar meniň üçin esasy bäsdeş bolup durýar” diýmek bilen öňündäki garaşyp duran kynçylyklary göz öňüne getirdi. 

Eger-de Mustafa kikboksing boýunça çempion bolmagy başarsa, onda bu diňe onuň ýeňşi bolmasa gerek. “Men Hormatly Prezidentimiz hem-de Ata-Watanym üçin ýeňiş gazanmak isleýärin. Şeýle-de men öz tälimçim hem-de maşgalam üçin ýeňiji bolmagy arzuw edýärin” diýip Mustafa ýürek arzuwyny beýan etdi. 

Mundan daşary, Mustafa özüniň tälim berýän türgenleri üçin hem ýeňiş gazanmagy isleýär. “Ýaş türgenlerim meniň çykyşlarymy görýärler, men bolsa olaryň gözlerinde buýsanç duýgularyny görýärin. Men şolar üçin üstünlik gazanmak isleýärin. Men türgenlerim üçin gowy görelde bolmagy hem-de olaryň hem geljekde gowy netijeleri gazanmak bilen üstünliklere ýetmegini isleýärin. Goý, olar geljekde menden hem ukyply kikboksçylar bolup ýetişsin” diýmek bilen, tälimçilerine bolan gyzgyn duýgularyny beýan etdi. 

Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda kikboksing boýunça ýaryş taýboks we kikboksing arenasynda 23-26-njy sentýabr aralygynda geçiriler.