Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we şol ýerde at çapmak hem-de täze kitabyň üstünde işlemek bilen meşgul boldy. 

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz wagt tapyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar hem-de döredijilik we ylmy işini dowam edýär. Milli Liderimiz bu ýerde deňsiz-taýsyz bedewleriň saklanyş şertleri bilen gyzyklandy. Atçylyk toplumynda tebigatyň döreden ajaýyp bedewlerine Türkmenistanda söýgi we mähir bilen garalýandygyny görmek bolýar. Şu ýerde arassa ganly bedewleri saklamak, bu babatda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de milli atçylyk däplerini wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy giň möçberli işleriň anyk netijeleridir. Şol desgalarda çapyşyklary, atçylyk sporty boýunça ýaryşlary we milli at üstündäki oýunlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýokary hünärli atşynaslary, seýisleri taýýarlamak boýunça döwrebap okuw merkezleri açylýar.

Behişdi bedewler özygtyýarly ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň esasy nyşany bolup durýar. Atyň şekili Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, sanlyja günlerden Aşgabatda yklymlaýyn ýaryşlar açylar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna konkur ýaryşy hem goşuldy. Munuň özi ahalteke bedewleriniň atçylyk sporty boýunça şöhratly ýoluny dowam etmäge we bedewleriň bu ugurdaky ukyplaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewler bilen didarlaşyp, şöhratly nesil ugry bolan Gujurly atly bedewi meýdança çykaryp, oňa atlandy. 

Milli Liderimiz çapyksuwarlygyň oňat däplerini görkezdi. Gujurly atly bedewde öňatdy hereketine başlady. Soňra at çapmagyň ähli inçe syrlaryny ele alan döwlet Baştutanymyz bedewli gezelenji dowam etdi. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, bedewleriň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şöhratyny belende götermek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gatnaşmagynda we başlangyjy boýunça Türkmenistan dürli derejede geçirilýän çäreleriň merkezine öwrüldi. Ahalteke atçylygy bilen meşgullanýan iri halkara guramalary, belli atşynaslar we bu pudaga degişli hünärmenler şöhratly bedewleriň asyl mekanyna gelip, bu tohumdaky atlary ösdürmek boýunça tejribe alyşýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletimiziň buýsanjyna öwrülen türkmen bedewleri dünýäde giňden belli boldy. 

Bedewlere aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz milli atşynaslyk däpleriniň asylly ýörelgeleriniň we behişdi bedewlere bolan mähirli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etmeginiň wajypdygyny belleýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çeýeligi, wepalylygy, ösen aňy we özboluşly zehini köp asyrlaryň dowamynda şahyrlara hem-de suratkeşlere döredijilik ylhamy bolup hyzmat etdi. 
Döwlet Baştutanymyz bedewli gezelenji tamamlap, ony athanasyna eltdi hem-de 2017-nji ýylyň başynda atçylyk toplumynda doglan Ruhubelent atly taý bilen didarlaşdy. Bu gün ese-boýa galan taýçanak özüne bolan mähirli gatnaşygy duýup, eýesine bolan wepalylygyny, onuň emrine kaýyllygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny taýyň boýnuna dakdy. Munuň özi türkmen halkynyň asylly däpleriniň yzygiderli dowam edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 
 

Soňra milli Liderimiz bu ýerde döredijilik işi bilen meşgullandy. 

Bedewlere bolan söýgini tutuş kalby bilen kabul edýän milli Liderimiz ahalteke atlarynyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary döretdi. Bu eserler dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, atşynaslyk ulgamynda işleýän hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň döreden eserleri diňe bir daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem, ýönekeý okyjylar üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitaby 30-njy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň Gran-pri baş baýragyna mynasyp boldy. Bu eseriň kitap neşirýaty sungaty ulgamynyň bilermenleriniň ýokary bahasyna ozal hem mynasyp bolandygyny bellemeli. 

Şu ýylyň tomsunda bu kitap Russiýanyň çaphanaçylarynyň hem-de neşirçileriniň “Gyzyl meýdan — 2017” forumynda Türkmenistanyň özboluşly milli medeniýetini wagyz edýändigi üçin “2016-njy ýylyň iň gowy kitaby” diýen ýörite diploma mynasyp boldy. Ýurdumyzyň esasy milli miraslarynyň biri bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan bu kitap bäsleşigiň emin agzalarynda uly täsir galdyrdy. Ýokary çaphana usulynda, owadan suratlar bilen bezelen bu kitap diňe bir atşynaslar üçin däl, eýsem, gözellige sarpa goýýan ähli adamlar üçin arzyly sowgat boldy. “Kitap sungaty” bäsleşiginiň nobatdaky ýokary sylagy bu täsin neşiriň örän uly medeni gymmatlyga eýediginiň subutnamasyna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze eserleri döretmekde taryhy maglumatlara, türkmen atşynaslyk däplerine, olaryň asyrlaryň synagyndan geçen netijelerine esaslanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, at çapmak ynsana özboluşly lezzet berýär we aýratyn duýgulary başdan geçirýärsiň. Hormatly Prezidentimiz şu gün hem türkmen bedewleri hakyndaky täze oý-pikirlerini we beýleki maglumatlary jemläp, täze kitabyň üstünde işlemegini dowam etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri ynsany döredijilige, ägirt uly açyşlara we täze üstünliklere ruhlandyrýar. 

Milli Liderimiziň eserlerinde köpýyllyk barlaglar, oý-pikirler, taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylýar. Olarda awtoryň milli atşynaslyk däplerine bolan çuňňur bilimi, bu ugra degişli halk döredijiliginde öz beýanyny tapan halk paýhasy aýdyň duýulýar. Milli Liderimiziň her bir täze eseri milli medeni mirasymyzy wagyz etmekde, ahalteke bedewleriniň ähmiýetini artdyrmakda aýratyn möhümdir. 

Hormatly Prezidentimiziň atçylyk toplumynda bolup, ajaýyp bedewler bilen didarlaşmagy we täze kitabyň üstünde işlemegi halkymyzyň asylly däpleriniň hem-de nurana umytlarynyň nesilden-nesle geçirilýändigini we döwrebap derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Ahalteke bedewleriniň şöhraty ähli ýürekleri özüne bendi edip, barha belende göterilýär. 

Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde bedew ählihalk söýgüsine mynasyp boldy hem-de asyrlaryň, nesilleriň we ýeňişleriň, zähmetiň, ruhubelentligiň sazlaşygynyň hem-de döredijiligiň arabaglanyşygyny özünde jemläp, berkarar Watanymyzyň ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.